Söz ussadyň sarpasy

Kitap dünýä açyşlarynyň gözbaşy. Ynsan durmuşyny özgerdýän täzelikler, uly-uly tutumlar kitaplaryň dünýäsine aralaşmakdan başlanýar. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda eziz ýurdumyzda neşir işleri barha kämilleşip, kitap hyzmatdaşlygynyň gerimi barha giňeýär, neşir edilýän kitaplaryň sany ýylyň-ýylyna artýar. Bu edilýän döwlet ähmiýetli işler bolsa halkymyzyň at-abraýyny dünýä ýüzünde dabaralandyryp, Watanymyzyň ösüşli menzillerini nazarlaýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň kitaphana ulgamynyň işleri has-da kämilleşip okyjylara döwrebap hyzmatlar ýola goýulýar. Baý hazynaly kitaplary özünde jemleýän dünýä ülňülerine laýyk gelýän Türkmengala etrap merkezi kitaphanasynda hem okyjylar köpçüligine ähli şertler döredilip bu ýerde ýazyjy-şahyrlaryň döredijilik dünýäsine bagyşlanan dabaraly çäreler, duşuşyklar, wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli geçirilýär. Ýaňy ýakynda hem Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Türkmengala etrap birleşmesiniň gurnamagynda bilim işgärleriniň, saglyk we sport ulgamynyň wekilleriniň, mekdep okuwçylarynyň we talyp-ýaşlaryň şeýle-de bagtyýar kitaphanaçylaryň gatnaşmagynda söz sungatynyň zergäri Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly toýy mynasybetli aýdym-sazly dabara çäre geçirildi. Bu döredijilik duşuşygynda çykyş edenler halkymyzyň ruhy baýlygy bolan milli neşir önümleriniň, ata-babalarymyzyň ruhy siňen milli golýazmalaryň, gadymy kitaplaryň häzirki zaman şertlerinde goralyp saklanmagyny üpjün etmekde, ýazyjy-şahyrlaryň çuňňur many-mazmunly eserlerini halkymyza ýetirmekde Arkadagly Serdarymyzyň durmuşa geçirýän beýik tutumly işleri dogrusynda täsirli gürrüňleri etdiler. Duşuşygyň dowamynda akyldar şahyrymyz, her bir ynsana nusgalyk mekdep bolan Magtymguly Pyragynyň durmuş ýoly, döredijilik dünýäsi, goşgularynda öňe sürülýän Watançylyk, söýgi temalary, ýaşlary zähmetsöýerlige ugrukdyrmak, tebigata söýgi döretmek ýaly gowy pikirler dogrusynda täsirli gürrüňler edildi.

Şahyryň watansöýjülige, terbiýeçilige ýugrulan ähli goşgularynyň okyjylar tarapynda uly höwes bilen okalýandygyny aýratyn belläp geçdiler. Geljek-de hem Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan döwlet ähmiýetli, ynsanperwer syýasatyny halkymyzyň arasynda wagyz etmekde Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň işgärleriniň öňünde durýan möhüm wezipeler dogrusynda uly buýsanç bilen belläp geçdiler. Dabaranyň dowamynda Türkmengala etrap medeniýet merkeziniň aýdym-saz toparynyň ýörite taýýarlan döwrebap çykyşlaryna orun berildi. Ýaňlanan şirin owazly aýdymlarda Hormatly Prezidentimiziň Watanymyzy gülletmekdäki rowaç işleriniň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň waspy uly joşgun bilen wasp edildi. Dabara gatnaşanlar geçmişimizi, şu günümizi hem-de geljegimizi nazarlaýan kitaplaryň ýazylyp, yzygiderli neşir edilmegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, alyp barýan belent maksatly işleriniň diňe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuwladylar!

Myratly AMANNAÝEW,

Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň
Türkmengala etrap birleşmesiniň başlygy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok