Paýtagtymyzda «Biz dürli, emma deň» atly festiwal geçirildi

Paýtagtymyzyň «Aşgabat» medeni we dynç alyş seýilgähinde inklýuziw festiwal geçirildi. Festiwala dürli jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, işjeň ýaşlar, meýletinçiler, çagalar we olaryň ene-atalary gatnaşdylar.

Festiwalyň her bir myhmany ýeriň ýüzinde surat çekmek, küşt oýnamak we sport estafetasy ýaryşlaryna gatnaşdylar.

Bäsleşiklerde öňe saýlanan çagalar baýraklara mynasyp boldular we festiwalyň nyşany ýerleşdirilen ýadygärlik sowgatlaryna eýe boldular.

Ýeri gelende belläp geçsek, çäre aýdym-sazly konsert we tans bilen jemlendi. «Biz dürli, emma deň» festiwalynyň Aşgabatda ikinji gezek geçirilýändigini bellemelidiris. Ol jemgyýetde ynsanperwerlik medeniýetiň emele gelmegine goşant goşýar we her bir zehinli çaga özüni üstünlikli duýmaga hem-de uly basgançaga çykmaga mümkinçilik berýär.

Çäre Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň goldawy bilen geçirildi.

Gülşat ÇETILIÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok