Hatyra güni!

Gadymy wagtlardan bari maşgalada hem ýurt möçberinde ýerine ýetirilýän däp-dessurlar ynsanlaryň ýaşaýyş durmuşunda esasy orun eýeläp gelipdir. Merdana halkymyz 1881-nji ýylda bolup geçen Gökdepe söweşinde gurban bolan gahryman ogullaryny ýatlaýar we olaryň ruhlaryny hatyrlap, aýat okaýar.

1941-1945-nji ýyllaryň  Beýik Watançylyk urşy hem ençeme gerçek ýigitleri, ýagty jahandan alyp gitdi. Watany jandan ilerde goýýan agzybir halkymyz agyr ýitgilerden soň, Beýik ýeňşe ýetdi.

Paýhasly türkmen halky geçmişine aýawly çemeleşip, däp-dessurlaryny häzirki döwre ýetiren halklaryň biri hasaplanýar. Güneşli Türkmenistan Watanymyzda ata-babalarymyzdan miras galan dürli däp-dessurlaryň geljekki nesillere ýetirilmegi hakynda yzygiderli alada edilýär. Däp-dessurlarymyza sarpa goýulýar.

Ýurdumuzda her ýyl 6-nji oktýabrda Hatyra gününiň bellenilip geçilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Ýagny, 6-nji oktýabrda Türkmenistanda ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolanlary hem-de 1948-nji ýylyň Aşgabat ýer titremesinde şehit bolanlary ýatlap, Hatyra güni bellenilýär.

Şu gussally sene mynasybetli, ýurduň ähli ýerlerinde Döwlet baýdaklary aşak düşürilip, hemme ýerlerde aýat-töwri okalýar, sadakalar berilýär. Hatyra gününde “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumuna gül goýmak çäresi geçirilýär.

“Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumy paýtagtyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýär. Hatyra gününde çuňňur hasrat bilen Aşgabat ýertitremesiniň şehitleri, Gökdepe galasyny gaýduwsyz goraýyjylary hem-de 1941-1945-nji ýyllaryň uruşynyň gahrymanlary ýatlanýar.

Gurbangül  PÜRLIÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Gidromeliorasiýa hünäriniň I ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok