Daşary ýurt dilleriniň jemgyýetde tutýan orny

Dil öwrenmek adam üçin tä­ze bir dünýä­ni, tä­ze gapyny aç­ýar. Aragatnaşygyň mö­hüm seriş­desi bolan dil hä­zirki wagtda diňe aragatnaşyk hyzmatyny ýerine ýetirmän, eý­sem, bü­tin dünýä­de bilim ulgamynda hünärmenleriň arasynda ylmy hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm açara öwrüldi.

Daşary ýurt dili dersi biz ýaşlaryň bilimine, umumy dünýägaraýşyna, pikirlenişimiziň ösüşine we giňelmegine mynasyp goşant goşýar. Daşary ýurt dillerini özleşdirmek döwri talyplara akyl ýetiriş işjeňligini, netije çykarmak we umumylaşdyrmak başarnygyny görkezmäge mümkinçilik berýär. Daşary ýurt dilini öwrenmeklik şahsyýetiň kemala gelmegine, ýaş nesliň watançylyk, dostluk we ululara hormat goýmak ruhunda terbiýelenmegine şert döredýär.

Dil öwrenmek ylym-bilim durmuşynda gaty derwaýys hasaplanýar. Bir dil öwrenmek ol dildäki ähli maglumatlaryň gapysynyň saňa açylmagy diýmekdir. “Bir dil bilen bir adam, iki dil bilen iki adam”, “Dil bilen dünýäni gezer” diýen ýaly parasatly jümleler ýöne ýere aýdylan däldir.

Türkmen halkynda «Dil bilen dünýäni gezer» diýen söz bar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu sözüň ähmiýeti, gymmaty has-da rowaçlanýar. Bu günki gün ýurdumyzyň orta, ýokary okuw mekdeplerinde ýaşlara dürli bilimleri bermek bilen bir hatarda, daşary ýurt dillerini hem öwretmäge uly üns berilýär. Bu ugurda bilim ulgamynda döwrebap tejribe toplanyldy. Ýurdumyzyň orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde ýaşlara daşary ýurt dilleri ýörite meýilnamalar esasynda öwredilýär. Paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň beýleki künjeklerinde daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän orta mekdepler hereket edýär. Diýarymyzda iňlis, rus, fransuz, ýapon dilleri boýunça ýöriteleşdirilen orta mekdepler bar.

Sözüň doly manysynda dünýä dillerini çuňňur özleşdirmek üçin ýurdumyzyň ähli okuw mekdeplerinde giňişleýin şertler döredilendir. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýokary, umumy orta bilim berýän mekdepleriniň dil ugrundan okadýan mugallymlary okatmagyň döwrebap usullaryny öwrenýärler hem-de olary milli tejribe bilen utgaşdyryp, tejribelerinde özleşdirýärler. Şeýle hem ýaşlarymyz dünýä dillerini öwrenmäge uly gyzyklanma bildirýärler.

Häzirki wagtda özbaşdak dil öwrenmek üçin döwrebap tehnologiýalardan peýdalanmaga ähli mümkinçilikler döredilýär. Dilçi alymlar daşary ýurt dilini öwrenmegiň başlangyç döwründe gepleşigi beýan edýän kitaplardan peýdalanmagy maslahat berýärler. Olaryň pikirine görä, şeýle kitaplarda berilýän sözler we sözlem nusgalary sözlem düzmegiň umumy ýörelgelerini ýatda saklamak mümkinçiligini gowulandyrýar. Sebäbi gepleşik kitaplarda köp halatlarda sözlem nusgalary birinji ýöňkemede berilýär, bu bolsa dil öwrenijileriň gündelik durmuşynda degişli sözlemleri ulanyp bilmeklerine we olaryň gowy ýatda saklamagyna oňaýly täsir edýär.

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda ylmyň ösmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Munuň özi ýurdumyzyň mundan beýläk-de belent sepgitleri eýeläp, has-da gülläp ösjekdigine güwä geçýär. Ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Gyzlargül ANNAGURDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok