Arkadag şäherinde halkara ýaşlar forumy geçirildi

2-nji oktýabrda, Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda ýaşlaryň dünýäde durnukly geljegi gurmak ugrunda artýan ornuna bagyşlanyp, «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara ýaşlar forumy geçirildi.

Utgaşykly görnüşde guralan köptaraplaýyn foruma Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaşlar syýasaty ulgamyndaky jogapkär ýolbaşçylary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Hytaý Halk Respublikasyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Liwiýadan, Azerbaýjan Respublikasyndan we beýleki ýurtlardan ýaşlar, şeýle hem BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy, Birleşen Milletler Guramasynyň degişli düzümleriniň we agentlikleriniň, şol sanda BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň, Çagalar gaznasynyň, Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň we Ilat gaznasynyň işgärleri gatnaşdylar.

Halkara foruma Bilim ministrliginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýaş agzalary, paýtagtymyzdaky ýokary okuw mekdepleriniň, şol sanda Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplary we beýlekiler gatnaşdylar.

Ýeri gelende belläp geçsek, halkara ýaşlar forumy Birleşen Milletler Guramasynyň «Ýaşlar — 2030» strategiýasynyň maksatlaryna we wezipelerine doly laýyk gelmek bilen, ol dürli medeniýetlere, sebitlere, garaýyşlara wekilçilik edýän ýaşlaryň arasynda netijeli dialogy ösdürmäge, parahatçylygy berkitmek, diplomatik ýollar arkaly dawalaryň öňüni almak we çözmek işinde ýaşlaryň mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilendir. «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara ýaşlar forumynyň geçirilmegi ýurtlaryň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny, özara hormat goýmagy pugtalandyrmaga, dawalaryň öňüni almakda hem-de çözmekde dialogyň möhüm ähmiýetine düşünmäge, parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmek boýunça işlere ýaşlaryň işjeň çekilmegine şert döreder.

Merjen ÇARYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok