Akyldar şahyryň edebi mekdebi

Türkmen  halkynyň at-owazasyny dünýä tanadan Gündogaryň beýik akyldary  Magtymguly Pyragynyň dürdäne döredijiliginiň ýyllar geçdigiçe, ynsan köňüllerine saçýan şuglasy has-da güýçlenýär, barha beýgelýär. Türkmen halky beýik söz ussatlaryna hemişe hormat goýýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe söz mülkünden köşk gurup, adamzat dünýäsiniň ruhy gymmatlygyna öwrülmegi başaran dana Magtymguly Pyragynyň sarpasy has hem belent tutulýar. Beýik akyldar diňe kitaplara, diwanlara däl-de, köňüllere siňip ýaşan şahyr. Magtymgulynyň sözleri her bir adam üçin gymmatly, çünki onuň dürdäne döredijiliginde durmuş pelsepesiniň esasy gönezligi  bolan ruhubelentlik, her hili  pursatda-da umytdan düşmezlik, ertiriňe, geljegiňe ynam bilen garamak, dogruçylyk, ynsanperwerlik ýaly ündewler bar.

Beýik akyldaryň öňe sürýän pikirlerinde esasy wezipe adamlary terbiýelemek bolup, onuň  döredijiliginiň  ölmez-ýitmezligi ynsan mertebesini şeýle ýokary derejä göterip, adamyň ruhy dünýäsine akyl ýetirmegi, olar bilen öz ykbalyny  baglanlygyndadyr.

Akyldar  şahyr adamyň  kalbyny söýgi gurşap almalydyr, ol ähli zada söýgi bilen seretmelidir diýen düşünjäni öňe sürüpdir we şol pikirde hem berk durupdyr. Ynsan hiç wagt öz adamçylyk duýgularyny  ýitirmeli däl. Eger-de adamda bu duýgy ýitse, onuň kalbyndaky nur öçmek bilen bolýar.

Magtymguly Pyragynyň goşgulary adamzat durmuşynyň we ynsan gatnaşyklarynyň ähli meselelerini öz içine alýar. Şahyryň  şygyrlary sözüň doly manysynda nesiller üçin terbiýeçilik mekdebidir.

Şemşat UMMADOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň 5-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok