Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň döredijilikli işlemegine, bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen belent maksatlar durmuşa geçirilýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde Garaşsyz Diýarymyzda toýlar toýa ulaşýar, täze üstünlikler röwşen geljege ynam döredýär. Şunda ynsan hakynda edilýän aladalar, ýaşlaryň bilim almaklary üçin döredilýän mümkinçilikler aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Bu mümkinçilikleriň netijesinde adamlar iş bilen yzygiderli üpjün edilýär, olar döredijilikli zähmet çekýärler, bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşaýarlar. Bu aýdyň netijeler ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy ugurlary bolup durýar. Çünki ýaşlaryň bilim öwrenmekleri we kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri ösüşleriň dowamlydygyndan habar berýär.
Hormatly Prezidentimiziň: «Ylym we bilim jemgyýetiň hem-de döwletiň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmegiň berk binýadydyr» diýen sözlerinden ugur alnyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler dowamly amala aşyrylýar. Ýurdumyzda bilim ulgamynda amala aşyrylýan möhüm işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, ýaş nesle berilýän bilimiň hem-de terbiýäniň hilini gowulandyrmak maksady bilen ulgama sanly tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylýar.
Häzirki wagtda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» tapgyrlaýyn esasda durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň orta mekdeplerine 1-nji synpa barýan çagalara Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň adyndan şahsy kompýuterleriň sowgat berilmegi ýaş nesil hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Goý, ösüşleriň hem özgertmeleriň eýýamynda milli bilim ulgamynda uly işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, tutumlary hemişe rowaç bolsun!
Şahlo ANNABAÝEWA,
Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň
21-nji orta mekdebiniň
iňlis dili mugallymy.
Teswirler