Ýewropanyň iň gadymy aýakgaby Ispaniýanyň gowaklaryndan tapyldy

Alymlar Ýewropadaky iň gadymy aýakgaplaryň, ösümliklerden dokalyp olaryň takmynan 6 müň ýyllyk taryhynyň bardygyny kesgitlediler.

Iň gadymy aýakgaplar, Ispaniýada XIX asyrda magdançylar tarapyndan talanan gowakdan tapyldy. Aýakgaplar bilen bilelikde başgada birnäçe gadymy zatlar hem tapyldy.

Alymlar, gowagyň çygly we salkyn bolmagy gowakda galan zatlaryň häzirki güne çenli gelip ýetmegine oňyn şert döredipdir – diýip belläp geçýärler. Gözlegçiler gowakdan tapylan sebetleri we beýleki tapyndylary hem analiz etdiler.

Gözlegiň esasy alymy Mariýa Herrero Otal: “Tapylan tapyndylar örän gadymy bolup durýar. Olar örän gowy saklanyp häzirki güne gelip ýetipdir. Olaryň arasynda Ýewropanyň iň gadymy aýakgaby hem bar. Elbetde, bir söz bilen aýdylanda, öňki jemgyýetler örän başarnykly bolupdyr.” – diýip, belläp geçýär.

Ýeri gelende belläp geçsek, gowakdan 76 sany gadymy tapyndy tapyldy. Olaryň käbirleriniň 9 müň ýyllyk taryhy bar.

Arslan GURBANDURDYÝEW,

Türkmenistanyň inžener-tehniki we
ulag kommunikasiýalary
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok