Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda medeni ugurda alnyp barylýan işler öz miwesini berýär. Milli medeniýetimizi ösdürmek ugrunda edilen tagallalaryň netijesinde ýurdumyzda köpsanly medeni ojaklar gurulýar ulanylmaga berilýär.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzyň 29-njy iýunynda açylan akylly Arkadag şäherinde ulanylmaga berlen birnäçe medeni ojak – bir wagtyň özünde 600 okyjyny kabul etmäge hem-de 3 million neşiri saklamaga niýetlenen Döwletmämmet Azady adyndaky kitaphana, taryh we arheologiýa, tebigat, ekologiýa syýasaty, şekillendiriş sungaty, etnografiýa sergi zallary hem-de medeni-aň bilim, ylmy-barlag, çeperçilik-dikeldiş we mahabatlandyryş bölümleri bolan Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi, diametri 13 metre barabar sirk çykyşlaryny görkezmeklik üçin niýetlenen tegelek meýdançasy we 1500 orunlyk tomaşa zaly bolan Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkini agzamak bolar.
Şeýle-de 500 orunlyk tomaşaçylar zaly bolan Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry, dürli saz gurallarynda we milli saz gurallarynda saz çalmagy öwrenmek, aýdym aýtmak, tans etmek, bagşyçylyk sungatyny özleşdirmek, sazyň taryhyny hem nazaryýetini, dirižýorçylyk sungatyny ele almak üçin ähli şertler göz öňünde tutulan, her biri 240 orunlyk bolan Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebi we Şükür bagşy adyndaky çagalar sungat mekdebi, binanyň birinji gatynda «Arkadag» teleýaýlymynyň edarasy, ikinji gatynda «Arkadag» gazetiniň redaksiýasy, üçünji, dördünji we bäşinji gatlarynda bolsa, Arkadag şäheriniň Bilim we Medeniýet müdirlikleri ýerleşýän 5 gatly medeniýet toplumynyň binasy ýurdumyzyň medeniýet pudagynyň ösüşinde ägirt uly döwrebap galkynyşy alamatlandyrdy.
Ägirt uly bu döwrebap galkynyş ýurdumyzyň medeniýet edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmeklik, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmeklik, teleradioýaýlymlaryň, gazet-žurnallaryň, medeni aň-bilim edaralarynyň işine sanly ulgamy ornaşdyrmaklyk, kitaphanalaryň, muzeýleriň, teatrlaryň, medeniýet öýleriniň we beýleki medeni merkezleriň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmaklyk babatda giň gerimli tagallalaryň edilýändigini aýan edýär.
Hut şu nukdaýnazardan-da, häzirki ajaýyp zamanamyzyň – Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler medeniýet ulgamyny has-da ösdürmekde, täze ösüşlere beslemekde möhüm ähmiýete eýe bolýar.
Türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny yzygiderli kämilleşdirmek, täze eserler bilen baýlaşdyrmak, medeniýet we sungat işgärlerini, ýazyjy-şahyrlary, žurnalistleri çeper döredijilige höweslendirmek, olary maddy taýdan goldamak maksady bilen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda bu ugurda zerur işleri alnyp barylýar.
Aýgözel BABAÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar
we informatika institutynyň Diller
kafedrasynyň mugallymy.
Teswirler