“ADI­PEC 2023” sergisinde Türk­me­nis­ta­nyň ener­ge­ti­ka top­lu­my ta­nyş­dy­ry­lar

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda eneregtika pudagynda alnyp barylýan işler ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmegine örän uly goşant goşýar. Bu ugurda möhüm täzelikleriň biri hem ýurdumyzyň “Türk­men­gaz” we “Türk­men­ne­bit” döw­let kon­sern­le­ri hem-de “Türk­men­geo­lo­gi­ýa” döw­let kor­po­ra­si­ýa­sy 2 – 5-nji okt­ýabr­da Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Abu-Da­bi şä­he­rin­de “ADI­PEC 2023” sergisine gatnaşar. Sergide Türk­me­nis­ta­nyň ener­ge­ti­ka top­lu­mynyň geljekki we häzirki işleri ta­nyş­dy­ry­lar.

ADI­PEC – bu ener­ge­ti­ka pudagynda geçirilýän iň iri we­kil­çi­lik­li çä­re­le­riň bi­ri­dir. Abu-Dabi şährinde geçiriljek sergide bu ýyl dünýäniň 28 döw­le­tin­den 2200-den gow­rak kom­pa­ni­ýa­nyň gat­naş­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Olar bu top­lu­myň her pu­da­gy üçin mö­hüm me­se­le­le­ri, işe­wür­lik we ba­zar ýö­rel­ge­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­la­şar­lar.

ADI­PEC eýýam 20 ýyl bäri bu işleri amala aşyrýar. Dünýä ýurtlarynyň 80 göterimi bu sergide öz önümlerini hödürlär. Şeýle hem bu sergide işewürler senagatda energiýa pudagyny has hem ösdürmek üçin meseleler dogrusynda pikir alyşarlar. ADI­PEC – dünýäde nebitgaz, energiýa senagat pudaklarynda täze döredilen tehnikalaryň hödürlenilýän ýeke täk sergisi hasaplanýar.

“ADI­PEC 2023” sergisinde işe­wür gi­ňiş­li­giň iki­ta­rap­la­ýyn ugurlaryny söw­da­ny we in­no­wa­si­ýa­la­ry ös­dür­mek dogrusynda me­se­le­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­mak üçin müm­kin­çi­lik­le­r dörediler. Bu sergä 1500-den gow­ra­k mi­nistr­le­riň, baş di­rek­tor­la­ryň, sy­ýa­sat­çy­la­ryň we tä­sir­li adam­la­ryň gat­naş­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Hal­ka­ra fo­ru­mda ener­ge­ti­ka ul­ga­myn­da iň tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­lar we tä­ze­lik­ler ta­nyş­dy­ry­lar.

Gunça REJEPOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň
V ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok