Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda her ýylyň 1-nji oktýabrynda Halkara ýaşulular gününi milli aýratynlyklarymyza laýyklykda BMG-niň düzümine girýän ähli döwletler bilen bilelikde halkara derejesinde belläp geçmeklik asylly däbe öwrüldi. Bu şanly senäni bütindünýä jemgyýetçiligi bolup belläp geçmeklik karary BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1990-njy ýylyň 14-nji dekabrynda bolup geçen 45-nji mejlisiniň A/RES/45/106 belgili Rezolýusiýasynyň esasynda yglan edildi. Şu Rezolýusiýa bolsa 1982-nji ýyldaky Bütindünýä mejlisinde garrylyk boýunça kabul edilen we şol ýyl BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan tassyklanan Wena Garrylyk Hereket meýilnamasynyň kadalarynyň durmuşa geçirilmeginiň amalyýeti bolup durýar.
A/RES/45/106 belgili Rezolýusiýada BMG-niň Garrylyk gaznasyna goşantlarynyň azalandygy, dünýä ilatynyň garramagynyň çaltlygy we garry adamlaryň ösüş prosesine möhüm goşant goşup biljekdigi ykrar edilýär. Hut şunukdaýnazardan-da, Baş Assambleýa şol gün hökümetleri we hökümete dahylsyz guramalary Garrylyk gaznasyna goşant goşmaga çagyrdy. 1991-nji ýylda Baş Assambleýa özüniň 46/91 belgili rezolýusiýasy Birleşen Milletler Guramasynyň Garry adamlar üçin ýörelgelerini kabul etdi. 2002-nji ýylda Madridiň Garrylyk boýunça hereket meýilnamasy Ikinji Bütindünýä mejlisinde XXI asyrda ilatyň garramagyna garşy öwrülişik nokady hökmünde kabul edildi.
Hut şu nukdaýnazardan-da, şondan bäri geçen 18 ýylyň içinde hökümetler tarapyndan bu ugurda amal edilen işleriň netijesinde bütindünýä jemgyýetçiligindäki 60-80 ýaş aralygyndaky ýaşulular ýaşlar bilen deň hörpden gopup, özleriniň garrydyklaryny hem unutýarlar, has dogrusy, özlerini ýaňy kämillik ýaşyna ýeten ýetginjek ýaly duýýarlar.
Her ýylyň 1-nji oktýabrynda Birleşen milletler guramasy tarapyndan ýaşulularyň hukuklaryny goramaga, jemgyýetdäki tutýan ornuny pugtalandyrmaga bagyşlanan dürli festiwallar, halkara ylmy-amaly maslahatlar we syýasy ýygnaklar geçirilýär. Biziň ýurdumyzda hem BMG-niň bu asylly ýörelgelerinden ugur alnyp, Halkara ýaşulular güni mynasybetli dürli çäreler geçirilýär. Şu gün hem ýurdumyzyň ähli sebitlerinde ýaşuşularymyzyň şanly baýramy bolan halkara ýaşulular güni diýseň uly şatlyk-şowhunly dabaralara beslenilip bellenilip geçilýär. Bu baýram Gahryman Arkadagymyzyň türkmen ýaşulularyna bolan çäksiz hormat-sarpasynyň nyşanyny, ýurdumyzyň Birleşen milletler guramasy bilen oňyn hyzmatdaşlygyna ygrarlygynyň baý mazmunyny alamatlandyryp, Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan 2009-njy ýylyň 1-nji iýulyndan güýje girizilen Türkmenistanyň Zähmet Kodeksiniň 81-nji maddasynyň birinji böleginde ýerleşdirilen şanly seneleriň arasyndan orun aldy.
Hut şu nukdaýnazar bolsa, Halkara ýaşulular gününiň biziň ýurdumyzda ilkinji gezek 2009-njy ýylyň 1-nji oktýabrynda bellenilip geçilendigini aýan edýär. Şondan bäri Birleşen milletler guramasynyň düzümine girýän beýleki döwletler ýaly biziň ýurdumyz hem her ýylyň 1-nji oktýabrynda Halkara ýaşulular gününi giňden dabaralandyrýar. Her ýyl bu şanly sene mynasybetli, milli teleradioýaýlymlaryň Watan habarlar gepleşigi türkmen ýaşulularynyň ählisine Gahryma Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gutlagyny ýetirýär. Munuň özi bolsa, biziň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň çäklerinde Birleşen milletler guramasy bilen alyp barýan oňyn hyzmatdaşlygyna ygrarlydygyny alamatlandyrýar.
Mertebesi belent hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Ýaşululara hormat-sarpa goýmak, mertebesini belent tutmak asyrdan-asyra, nesilden-nesle geçip gelen asylly ýörelgämiz bolup, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ony mynasyp dowam etdirýäris. Joşgunly toýdur baýramlarymyzyň gelşigi, döwletli törlerimiziň, bagtyýar zamanamyzyň ýaraşygy bolan paýhasly gojalarymyzyň, mähriban enelerimiziň geçen ömür menzillerinde toplanan baý durmuş ýollary, kämil düşünjelere, päkize garaýyşlara ýugrulan öwüt-ündewleri, wagyz-nesihatlary ýaş nesiller üçin tapylgysyz mekdepdir.» – diýip örän jaýdar belleýşi ýaly, ýaşulular mekdebi türkmençilik edebinde iň kämil milli mekdepdir. Çünki, kethudalaryň manyly ömür beýany, watançylyk duýgulary ýaş nesil üçin nusgalyk göreldedir.
Hut şu nukdaýnazardan-da, türkmen perzendiniň süňňüne gan bilen giren, aňynda mizemez akyl maýasyna öwrülen, ynanjynda hem hereketlerinde däp-dessur hökmünde ykrar edilen ýaşulular mekdebi «türkmençilik» diýlen giň düşünjäniň aýrylmaz bölegidir.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz döwlet Garaşsyzlygymyzyň häzirki ajaýyp zamanasynda halkymyzyň «Garryly öý — gazna», «Garry — öýüň sütüni», «Ýigit — söweşde, garry — geňeşde» ýaly milli paýhasyny sagdyn akaba salyp, çasly akdyrdy, oňa täzeden egsilmez güýç-kuwwat berdi, milletimiziň gany bilen aýlanyp, teniniň kuwwat çeşmesine öwrülen ol äpet güýç silini halkymyzyň, Watanymyzyň bähbidine öwürdi. Milli Liderimiziň parasatly başlangyjy bilen ýurdumyzyň milli baýramçylyklarynyň sanawyna «Halkara ýaşulular gününiň» girizilmegi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanynda we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzüminde ýaşulular geňeşiniň döredilmegi hem munuň aýdyň mysalydyr.
Her bir haýyrly işe kethudalara sala salyp başlaýan halkymyzyň toýlary toýa ulaşýar. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şatlyk-şagalaňly baýramlar goşa-goşadan gelýär. Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan penaly, dilleri senaly, il arasynda belent sarpaly gojalarymyz ýurdumyzda giňden bellenilýän Ýaşulularyň halkara gününiň hem arzyly, sylagly myhmanlary. Ýurt özbaşdaklygynyň, millilige esaslanýan ägirt uly galkynyşlaryň, watançylyk duýgularyň ymgyr nep-bähbitlerini, Gahryman Arkadagymyzyň mukaddes kitaplarynyň çuňňur many-mazmunyny, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eziz Diýarymyzda amal aşyrýan beýik işlerini wagyz etmekde ýaşuly nesliň wekilleri önjeýli işleri alyp barýarlar.
Döwlet Garaşsyzlygymyzyň häzirki ajaýyp zamanasynda – Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda özleri hakdaky üns-aladalaryň has güýçlendirilendigine ýaşulularymyz diýseň buýsanýar.
Toýly Jänädow,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň
Mary etrap geňeşiniň işgäri.
Teswirler