«Ömrümiň manysynyň dowamaty» – bu eser asylly ýörelgeleriň beýany. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, her bir ynsan öz ömrüni many bilen bezemäge çalyşýar. Täze kitapda hormatly Arkadagymyz şu hakykat barada pikir ýöredýär. Gahryman Arkadagymyz ajaýyp eserinde iş saparlaryndaky wakalary, dünýäniň abraýly syýasy işgärleri bilen bolan duşuşyklaryny ýakymly ýatlamalar bilen beýan edýär. Bu eserde wakalar adamyň ruhy, medeni, syýasy ösüşleri bilen täsin baglanyşykly beýan edilýär. Has dogrusy, bu eser adamyň durmuşyny dogry guramagy barada ugrukdyryjy gollanmadyr.
Kitabyň ilkinji sahypalarynda “Men geljegi nähili göz öňüne getirýärin?” diýen sorag bolup, oňa Gahryman Arkadagymyz şeýle sözler bilen jogap berýär: “Meniňem, asla hiç birimiziňem, halkdan aýry ykbalymyz ýok. Barlygymyzam, bakylygymyzam, beýikligimizem, bitewüligimizem şu Watanymyz, halkymyz bilen bagly”. Hakykatdan-da bu parasatly jümleler Hormatly Prezidentimiziň “Watan diňe halky bilen Watandyr. Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýip bellemeginde özüniň aýdyň beýanyny tapýar. Bularyň düýp özeninde hem agzybirlik durýandyr.
Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda geçilen ýollar, ykbal pursatlary durmuş-pelsepewi nukdaýnazardan beýan edilip, çuňňur garaýyşlar öňe sürülýär. Munuň özi biziň her birimiz üçin gymmatly hazynadyr, durmuş ýörelgämizdir, geljegimize şamçyragdyr. Şonuň üçin hem Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserleri, ylmy kitaplary biziň ýankitabymyz bolup durýar. Täze kitap «Ömrümiň manysy — il-halkym», «Hakydada orun alan pursatlar», «Ýagşy adam ýatdan çykmaz», «Watan — enäniň kalby», «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek ugrunda», «Terbiýe — bagtyýarlygyň çeşmesi», «Mertebeli ýaşaýşyň manysy» hem-de «Ömrüňiz uzak bolsun!» atly bölümlerden ybarat bolup durýar. Bu bölümlerde beýan edilýän garaýyşlar, çuňňur manyly pikirler her bir okyjyny häzirki ajaýyp döwrümiz, şöhratly taryhymyz, medeniýetimiz bilen tanyşdyrýar. Şonuň üçin hem bu täze kitap, edebi-filosofik eser halkymyz üçin gymmatly sowgat boldy. Şeýle ajaýyp kitaplary halkymyza peşgeş edýän Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!
Nartäç ATAJANOWA,
Hydyr Derýaýew adyndaky
mugallymçylyk mekdebiniň
mugallymy.
Teswirler