Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz uly ösüşlere beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy bilen durmuşa geçirilýän beýik işler halkyň bähbidini nazarlaýar, ýurdumyzyň geljegini üpjün edýär. Şeýle ajaýyp günlerde Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplaryny ýüzümize sylýarys, olaryň çuňňur many-mazmunyny kalbymyza guýýarys. Çünki bu kitaplarda beýan edilýän parasatly pikirler halkymyzyň bagtyýar durmuşy bilen berk baglanyşyklydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitaby edebi-filosofik eser bolup, ol Watanymyzyň ýeten belent sepgitleri, döwletimiziň taryhyndaky ähmiýetli wakalar, halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçip gelýän milli ruhy-ahlak gymmatlyklary baradaky maglumatlary özünde jemleýär.
Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda: «Türkmenistanyň Konstitusiýasynda hem jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamyň saglygy hem-de abadançylygy diýlip kesgitlenendir. Şonuň üçin ýurdumyzyň her bir raýatynyň arkasynda dag ýaly bolup döwletimiz durandyr, halkymyz üçin ähli mümkinçilikler döredilendir, adamlaryň her biri şol mümkinçiliklerden peýdalanmaga hem haklydyr, hem hukuklydyr» diýlip, turuwbaşdan nygtalyp bellenilýär.
Ýeri gelende belläp geçsek, neşir edilen bu edebi-filosofik eser Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýeten belent sepgitleri, döwletimiziň taryhyndaky ähmiýetli wakalar, halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçip gelýän milli ruhy-ahlak gymmatlyklary baradaky maglumatlary, Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur manyly pikir-garaýyşlaryny, öwüt-ündewlerini özünde jemleýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň köpugurly edebi döredijiliginde halkymyzyň belent ynsanperwer ýörelgeleri beýanyny tapýar. Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan dörän bu täze eserde dünýä medeniýetine mynasyp goşant goşan şöhratly ata-babalarymyzyň durmuş filosofiýasy beýan edilýär. Bu kitap hormatly Arkadagymyzyň «Döwlet guşy», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi», «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar», «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Ömrümiň manysy» ýaly eserleriniň logiki dowamydyr.
Ogulkeýik REJEBOWA,
Hydyr Derýaýew adyndaky
mugallymçylyk mekdebiniň
mugallymy.
Teswirler