Her ýylyň 1-nji sentýabry 30-njy sentýabry aralygynda geçirilen biraýlyk ýol-ulag hadysalarynyň azalmagyna ýol hereketine gatnaşýanlaryň ählisiniň howpsuzlygyny gazanmaga gönükdirilendir. Başlanan biraýlygyň “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” diýip atlandyrylmagy hem bellenilen maksatlara gabat gelýär. Şu günler tutuş ýurdumyzda ýol hereketiniň howpsuzlygy bilen bagly çäreler geçirilýär. Ministrlikde we pudaklaýyn dolandyryş edaralara ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreleri durmuşa geçirilýär.Okuw jaýlarynda ýol hereketiniň düzgünlerini giňişleýin düşündirmek boýunça wagyz-nesihat işleri geçirilýär. Şeýle hem ilatyň arasynda ýol hereketiniň düzgünleri we olaryň bozulmagy bilen bagly ýagdaýlary barada gürrüňdeşlikler guralýar.
Ýol hereketiniň howpsuzlygyny ýokarlandyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Mysal üçin, 2022-nji ýylyň maý aýynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda “ Türkmenistanyň Kanuna üýtgetmeler girizmek hakyndaky” we Türkmenistanyň “Administratiw düzgün bozmalar hakynda Türkmenistanyň Kodeksine goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary hereket edýär. Kadalaşdyryjy – hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegi raýatlaryň we sürüjileriň Ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmegini gazanmakda ybaratdyr. Şonuň bilen birlikde ýurdumyzda ýokary halkara ölçeglerine laýyk gelýän awtomobil ýollaryny, köprüleri we degişli ýol-ulag infrastruktrasyny gurmak boýunça hem maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Ýol hereketiniň kadalaryny yzygiderli bozýarysmy?
Dogrusy , sürüjileriň ählisi diýen ýaly özleri bilmezden ýol hereketiniň kadalaryny yzygiderli bozýarlar. Geliň iň köp bozulýan düzgünler bilen tanyş bolalyň.
Nobatdan daşary öwrüm etmek. Biziň ählimiz hem howlukmaç adamlar. Biziň ählimiz hem howlugyp, nobata garaşmaga wagtymyz ýok. Ýolda hem edil şolar ýaly. Hemmeleri seresaplylyk bilen sag tarapyndan aýlanyp, geçip, birinji bolup, öwrüm edip bolýan wagty, hemmeler bilen çep hatarda öwrüme garaşyp durmak nämä gerek? Bu ýagdaýda ýol hereketiniň birbada ençeme düzgüniniň bozulýandygy bizi aladalanmaýar
Aralyk saklamazlyk
Dartgynly ulag akymy bolan iri şäherlerde aralyk saklamazlyk eýýäm ençeme wagtdan bäri adaty kada öwrüldi. Emma bu hili düzgün bozma üçin kesgitli jerime göz öňünde tutulandyr. Sürüjileriň aglabasy bolsa, aralyk saklamagyň ýol hereketiniň kadalarynyň binýatlyk talaplarynyň biridiginden asla habarsyzdyrlar.
Ýewropada aralygyň saklamazlygy üçin ýörite adalga girizilendir- “teýlgeýting” (iňl.s-tailgating). Bu örän gödek düzgün bozma hasaplanylýar.
Ýol hereketiniň kada-kanunlaryny berk we berjaý etmek ýurdumyzyň abadançylygyny, asudalygyny şol sanda her bir adam üçin rahatlygyny kepillendirer.
Aziza HUDAÝNAZAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Teswirler