Maksatly işleriň rowaçlygy

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ösüşli menzilleri halkymyzy ak bagta atarýar. Ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerini gowulandyrmak, halkymyzy abadan we bolelin durmuşda ýaşatmak Hormatly Prezidentimiziň baş maksady bolup durýar. Bagtyýar döwrümizde öz öňlerinde goýlan tabşyryklara abraý bilen hötde gelip, şanly Garaşsyzlygymyzyň 32-ýyllyk şanly toýuna sowgatly barmagy maksat edinýän Mary welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň Baýramaly şäheriniň polisiýa bölüminiň işgärleri hem Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny yhlasly işleri bilen dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyz tarapyndan badalga berlip, amala aşyrylýan indi her ýylyň sentýabr aýynda geçirilmesi adata öwrülen “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň ýokary derejede geçirmek üçin birnäçe işleri alyp barýarlar. Bu çäräniň sentýabr aýynda ýokary guramaçylykda geçirilmeginiň sebäbi her ýylyň sentýabr aýynda täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen ilkinji gezek ylym ojaklaryna gadam basýan körpelere ýol hereketiniň düzgünlerini öwretmek, tomusky dynç alyş rugsadyndan soňra ak mekdeplere dolanyp gelýän okuwçylara ýol hereketiniň düzgünlerini ýatlatmakdan ybaratdyr. Bu edilýän döwlet ähmiýetli işler bolsa “Watan diňe halky bilen Watandyr, Döwlet diňe halky bilen döwletdir” diýip, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini aýratyn aladalanýan Hormatly Prezidentimiziň saýasynda ýurdumyzda raýatlar üçin edilýän aladalaryň çäksizdigini görkezýär. Mary welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň Baýramaly şäheriniň polisiýa bölüminiň işgärleri tarapyndan hem Baýramaly şäheriň çäginde dürli ýerlerde yzygiderli wagyz-nesihat işleri yzygiderli geçirilýär. Terbiýeçilik ähmiýetli bu çärelerde mekdep okuwçylaryna ýol hereketiniň düzgünlerini öwretmek bilen bir hatarda olaryň okuwdan boş wagtlaryny sport bilen meşgullanmak, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek, beden we ruhy taýdan sagdynlyk barada, şeýle-de kitaphanalara yzygiderli baryp Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş berýän jöwher paýhasly eserlerini yzygiderli okap, Watanymyza gerekli ýaşlar bolup ýetişmelidigi dogrusynda täsirli gürrüňleri edip, wagyz-nesihat işleri geçirilýär.

Arkadagly Serdarymyzyň egsilmez sahawaty bilen ýurdumyzda alnyp barylýan belent maksatly işleriň ählisi Watanymyzyň röwşen geljeginiň eýeleri ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly ýaşlar bolup ýetişmeklerinde öz täsirini ýetirýär. Mary welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň Baýramaly şäheriniň polisiýa bölüminiň işgärleri hem ýurdumyzda alnyp barylýan işlere mynasyp goşandymyzy goşup, geçirilýän çärelere işjeň gatnaşyp, bütin dünýäde parahatlygy we asudalygy üpjün edip, Watanymyzy ösüşleriň täze belentliklerine ýetirmegi baş maksat edinýän Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň içeri işler edaralarynyň işgärlerinden edýän ynamyny ödemek üçin ak ýürekden zähmet çekeris. Eziz Watanymyzy nurly ertirlere alyp barýan Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag bolsun, ömri uzak bolsun, alyp barýan döwlet ähmiýetli işleri diňe rowaçlyklara beslensin!

Şatlyk ATAÝEW,

Mary welaýat Polisiýa müdirliginiň,
Baýramaly şäher Polisiýa bölüminiň
ýerli wekili, polisiýanyň kapitany.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok