Eziz halkymyzda: “Ýoluň ak bolsun!” diýen ýagşy niýetler bilen ynsanlary ýola atarmak ýaly asylly däpler bar. Abadan ýurdumyzyň aýdyň ýollarynda raýatlarymyzyň howpsuzlygyny gazanmak ugrunda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň çäklerinde giň gerimli çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Munuň aýdyň mysaly hökmünde bolsa, her ýylyň 1-30-njy sentýabr aralygynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň hereket etmegidir. Bu asylly başlangyjyň hut sentýabr aýynyň dowamynda gurnalmagynyň hem ähmiýeti uly bolup durýar.
Altyn güýzüň sahawatly ilkinji aýynda täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen ýaňy 1-nji synpa gadam basan körpeler, talyplyga kabul edilen bagtyýar ýaşlar öň özlerine nätanyş bolan köçelerden yzygiderli gatnamaly bolýarlar. Şol sebäpli hem bu möwsümde köçe-ýol hereketiniň düzgünlerine has-da hüşgärlik bilen çemeleşmek zerur. Bu ugurda ýurdumyzda alnyp barylýan degişli çäreler ýurt abadançylygyny barha pugtalandyrýar.
Aýna ýaly nurana ýollar şäher-kentlerimizi has-da görke getirýär. Bu ýollardan aýdyň ertirlere barýan türkmen halkymyzyň dana Arkadagymyza, Gahryman Prezidentimize bolan alkyş sözleri bimöçberdir. Magtymguly Pyragynyň: “Ömür saly artar, alkyş alanyň!” – diýýän altyna gaplaýmaly ajaýyp setirleri bar. Goý, Mähriban Arkadagymyzyň, Gahryman Prezidentimiziň ömürleri uzak, janlary sag bolsun! Ýollarymyz hemişe abadan bolsun!
Selbi GULMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Teswirler