Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy

Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça çäreleri guramak, ýol hereketiniň medeniýetini ýokarlandyrmak möhüm meseledir.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda sanly bilim ulgamyna, sanly ykdysadyýete, halkymyzyň ýaşaýyş durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalaýyn çäreler barha rowaçlanýar. Ýurdumyzda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek babatda maksatnamalaýyn we toplumlaýyn çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Häzirki döwürde ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek dünýä derejesinde ählumumy meselä öwrüldi.

Ýol hereketi – bu ýol şertleriniň, ulag serişdeleriniň, pyýada akymlarynyň we daşky gurşawyň özara baglanyşykly hereket edýänçylşyrymly ulgamydyr. Aslynda bu adalga BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 1968-nji ýylyň 7-8-nji noýabrynda Awstriýanyň Wena şäherinde kabul edilen “Ýol hereketi hem-de ýol belgileri we duýdurmalary baradaky Konwensiýada” resmi taýdan girizildi. Bu günki gün “Ýol hereketi hem-de ýol belgileri we duýdurmalary baradaky Konwensiýa” laýyklykda oňa agza bolan ýurtlarda ýol hereketiniň kadalary birmeňzeş esasda berjaý edilýär. Ýeri gelende bellesek, 1994-nji ýylda biziň ýurdumyz hem bu Konwensiýasynyň agzasy boldy.

Mälim bolşy ýaly, her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýän “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň çäklerinde ýurdumyzyň görkana ýollarynda hereket howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça yzygiderli wagyz-nesihat çäreleri, duşuşyklardyr maslahatlar geçirilýär. Ýurdumyzda hereket edýän kanunlar, kodeksler we kadalaşdyryjy hukuknamalar Türkmenistanda ýaşaýan ýaşaýjylaryň bähbitlerine laýyklykda kabul edilýär.  2012-nji ýylyň 31-nji martynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanuny, awtomobil ýollarynyň peýdalanylmagy, şeýle hem ýol işleriniň amala aşyrylmagy we awtomobil ulagynyň işi bilen baglanyşykly 2013-nji ýylyň 2-nji martynda “Awtomobil ulagy hakynda” we “Awtomobil ýollary we ýol işi hakynda” hem-de 2018-nji ýylyň 9-njy iýunynda “Türkmenistanyň ulag syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Asudalygyň hem-de abadançylygyň ýurdy bolan ata Watanymyzda adamlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy döwlet syýasatynyň ileri tutýan ugurlarynyň biri hasaplanylýar.

Mähri HOJAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok