Ozal hem habar berşimiz ýaly, Aşgabat şäherindäki 97-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň mekdep okuwçylarynyň arasynda bilim robotehnikasy boýunça bäsleşik geçirildi.
Bäsleşigiň dowamynda Aşgabat şäherinden we ýurdumyzyň welaýatlaryndan gelen okuwçylar öz döreden, durmuşa ornaşdyrylmadyk dürli taslamalaryny hödürlediler.
Hödürlenen taslamalar bilen Nebitgaz toplumynyň sanly ulgam we kiberhowpsuzlyk boýunça bilermenleri hem gyzyklandy.
Şeýlede ÝUNISEF wekilleri tarapyndan festiwalyň çäklerinde geçirilen taslamalar bilen ýeke-ýeke tanyşdylar we baha berdiler.
Taslama bäsleşiginiň ýeňijileri:
I orna 97-nji orta mekdebiniň okuwçylary Emirhan Gylçmuhammedow hem-de Lälemelek Gylçmuhammedowa birinji orna mynasyp boldular.
II orna Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep internatynyň okuwçylary Atajan Nurgeldiýew hem-de Oguzhan Mergenowyň taslamalary mynasyp boldy.
III orna Aşgabat şäheriniň 70-nji orta mekdebiniň okuwçylary Medet Mäterow hem-de Batyr Hojanepesowyň taslamalary mynasyp boldy.
Teswirler