Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyzyň nurana ýollary bagt nuruny paýlaýar. Ýurdumyzyň ulag düzümi barha döwrebaplaşyp, ulag diplomatiýasy giňden dabaralandyrylýar. Asyrlarboýy agyr kerwenler gatnan, gadymy Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi hasaplanýan Türkmenistan Watanymyzyň asuda, abadan ýollaryny bu günki gün görmäge göz gerek. Döwrebap ýollarymyzda iň kämil, häzirki zaman yşyklandyryjylaryň ýerleşdirilmegi, raýatlar üçin dürli amatlyklaryň döredilmegi gazanylýar.
Nurana diýarymyzyň gijeleri gündizden ýagty, ýollary aýna deý arassa. Şeýle eşretli durmuşyň gadyr-gymmatyna düşünip, bellenilen düzgün-kadalary berjaý edip ýaşamaklyk her bir raýatyň jan saglygy üçin wajypdyr. Häzirki wagtda “Ýol hereketiniň düzgünleri – ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň çäklerinde ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek, pyýadalaryň we sürüjileriň ýol hereketiniň kadalary baradaky düşünjelerini ýokarlandyrmak maksady bilen ýurdumyzda toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär.
Türkmen halkyny bagtyýar, abadan durmuşda ýaşadýan, ýurdumyzyň gülläp-ösmegi üçin ägirt uly tagalllary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Şamaral GARAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Teswirler