Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýarlyga beslenýän günlerinde eziz Diýarymyzda kalplary buýsançly halkymyz Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda beýik Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk şanly toýuny uludan toýlaýar. Ýurdumyzda baş baýram bolan – Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli dürli maksatly desgalar, ajaýyp ymaratlar açylyp ulanylmaga berilýär. Belli bolşy ýaly, ýurt Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň, ylym-bilim, sport, saglygy goraýyş, hyzmatlar ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, kämilleşdirilmegine uly üns berildi. Garaşsyzlyk ýyllarynda gahrymançylykly hem şöhratly taryhymyzyň hemmetaraplaýyn, çuňňur öwrenilmegi we milli däp-dessurlarymyzyň gaýtadan dikeldilmegi şöhratly geçmişimize bolan beýik buýsanjy döretdi.
Häzirki wagtda ýurdumyz ykdysady hyzmatdaşlygyň netijeli ugurlaryny işläp taýýarlamak hem-de iri sebit taslamalaryny amala aşyrmak, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek arkaly halkara derejede ileri tutulýan meseleleriň çözülmegine işjeň gatnaşýar. Şeýle asylly işleri, döwletli başlangyçlary durmuşa geçirmek, bina edilýän ymaratlaryň ýokary hil ölçegine laýyk gelmegi ýurdumyzyň ösen ykdysady kuwwatyndan, halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşyndan habar berýär. Türkmenistan kuwwatly ykdysadyýeti, kämil durmuş ulgamy bolan, çalt depginler bilen ösýän, dünýä bileleşiginde uly abraýa eýe bolan döwlete öwrüldi. Garaşsyzlyk ýyllarynda başy başlanan ylym-bilim ulgamynyň döwür bilen aýakdaş gitmegi ugrunda alnyp barylýan beýik işler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda mynasyp derejede dowam etdirilýär. Kämil bilimli, ylymly, giň dünýägaraýyşly, zähmetsöýer, watansöýüji, zehinli, ukyp-başarnykly ýaş hünärmenleri ýetişdirmek babatda zerur işlere badalga berilýär.
Eziz Türkmenistan Watanymyz häzirki wagtda özüniň hemmetaraplaýyn, syýasy-ykdysady ösüşleri bilen älem-jahana belli, ýurdumyzyň dünýä ýurtlary bilen alyp barýan dostana gatnaşyklary hem günsaýyn berkeýär. Ähli üstünlikleriň we ösüşleriň aňyrsynda bolsa, agzybir türkmen halkymyzyň jebisligi, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz aladalary ýatyr. Döwrümize bat hem şan berýän “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda baş baýramymyz bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk toýuny uludan belläp geçmäge, onuň şan-şöhratyny dabaralandyrmaga gönükdirilen çärelere uly orun berilýär. Ýurdumyzyň her bir künjünde ýaýbaňlandyrylýan baýramçylyk dabaralary uly joşguna beslenýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygynyň şanyna utgaşyp gelýän dabaralar halkymyzyň bagtyýarlygynyň, berkarar döwletimiziň ösüşleriniň aýdyň nyşany bolup ýüreklere ornaýar. Çünki Garaşsyzlyk – biziň bagtymyz. Beýik Garaşsyzlygymyz – köňülleriň buýsanjy, başymyzyň täji, nesilleriň guwanjy. Şeýle bagtyýar eýýamda, dül Diýaryň gujagynda beýik Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk toýy bilen Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, külli türkmen halkyny tüýs ýürekden gutlaýarys! Goý, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanyna tutulýan dabaraly toýlarymyzyň belent owazy dünýä ýaň salsyn!
Güljan NAZAROWA,
Şabat etrabynyň 39-njy orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy.
Teswirler