Aşgabatda robotehnika bäsleşigi geçirildi

“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça köpsanly işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. 23-24-nji sentýabrda Aşgabat şäherindäki 97-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň mekdep okuwçylarynyň arasynda bilim robotehnikasy boýunça bäsleşik geçirildi.

Bäsleşige paýtagtymyz Aşgabat şäherinden we ýurdumyzyň welaýatlaryndan 254 sany okuwçy gatnaşdy. Olar bäsleşige öz döreden uzakdan dolandyrylýan robot ulaglaryny hem-de dürli taslamalaryny hödürlediler.

Robotehnika boýunça geçirilen bu bäsleşik, Aşgabat şäherindäki Dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 97-nji orta mekdebi, Türkmenistanyň Bilim ministriligi hem-de ÝUNISEF tarapyndan guraldy.

Bäsleşige paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda bilim ulgamynda iş  alyp barýan birnäçe okuw merkezleri hem gatnaşdy. Şeýle hem bäsleşigiň dowamynda ÝUNISEF wekili hem-de bilim ulgamynyň wekilleri döredilen täze tehnologiýalar bilen tanyşyp gyzyklandylar.

Mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen bilim robotehnikasy boýunça bäsleşigiň ýeňijileri:

Ro­bot ma­şyn­la­ry­nyň “Race” (Ro­bot ma­şyn­la­ry­nyň ýa­ry­şy) ug­ry bo­ýun­ça Aş­ga­bat şä­he­ri­niň 129-njy or­ta mek­de­bi­niň okuw­çy­sy Da­wut Bä­şi­mow bi­rin­ji or­ny eýe­le­di. Ikin­ji we üçün­ji orun­la­ry de­giş­li­lik­de, şol mek­de­biň okuw­çy­la­ry Set­dar­ber­di Beg­my­ra­dow hem-de Ar­tur Bah­ti­ýa­row eýe­le­di­ler.


“Su­mo” (Ro­bot ma­şyn­la­ry­nyň gö­re­şi) ug­ry boýunça Aş­ga­bat şä­he­ri­niň 129-njy or­ta mek­de­bi­niň okuw­çy­sy Re­me­zan Sa­pa­row bi­rin­ji or­ny eýe­le­di. Ikin­ji we üçün­ji orun­la­ry Türk­me­nis­ta­nyň Go­ran­mak Mi­nistr­li­gi­niň Ber­di­mu­ham­met An­na­ýew adyn­da­ky 1-nji ýö­ri­te­leş­di­ri­len har­by mek­de­bi­niň okuw­çy­la­ry Ha­jy­ba­ba Täç­my­ra­dow hem-de Oraz He­zi­low eýe­le­di.


“Auto Su­mo” (ro­bot ma­şyn­la­ry­nyň aw­to­ma­tik ýag­daý­da­ky gö­re­şi) bo­ýun­ça Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Dil ders­le­ri­ni çuň­laş­dy­ry­lyp öw­re­dil­ýän ýö­ri­te­leş­di­ri­len 97-nji or­ta mek­de­bi­niň okuw­çy­la­ry Ra­hat­gel­di Ata­ýew bi­rin­ji oruny, Su­han No­ba­tow ikin­ji oruny, Gur­ban­mu­ham­met Mag­tym­gu­ly­ýew üçün­ji or­ny eýe­le­di.

“Mars Ro­wer” (päs­gel­çi­lik­ler­den geç­mek) bo­ýun­ça ge­çi­ri­len bäs­le­şik­de Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Dil ders­le­ri­ni çuň­laş­dy­ry­lyp öwre­dil­ýän ýö­ri­te­leş­di­ri­len 97-nji or­ta mek­de­bi­niň okuw­çy­sy Ys­ma­ýyl Ça­ry­ýew bi­rin­ji or­ny eýe­le­di. Şeýle hem paý­tag­ty­myz­da­ky ýö­ri­te­leş­di­ri­len 135-nji or­ta mek­de­bi­niň okuw­çy­sy Adyl­han Sö­ýün­ha­now ikin­ji oruny, Aş­ga­bat şä­he­ri­niň ýö­ri­te­leş­di­ri­len 86-nji or­ta mek­de­bi­niň okuw­çy­sy Seý­dyl­la My­ra­dow bolsa üçün­ji oruna mynasyp bol­dy.

“Li­ne Fol­lo­wer” (ga­ra çyz­gy­ny dog­ry yzar­la­mak) bo­ýun­ça ge­çi­ri­len ýa­ryş­da Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Dil ders­le­ri­ni çuň­laş­dy­ry­lyp öw­re­dil­ýän ýö­ri­te­leş­di­ri­len 97-nji or­ta mek­de­bi­niň okuw­çy­sy Su­han No­ba­tow bi­rin­ji  oruny, şol mek­de­biň okuw­çy­sy Aý­han Baý­ra­mow ikin­ji oruny eýeledi, üçün­ji or­ny bolsa Ahal we­la­ýa­ty­nyň Gök­de­pe et­ra­by­nyň 27-nji or­ta mek­de­bi­niň okuw­çy­sy Şa­nur Re­ýim­gu­ly­ýew my­na­syp bol­dy.

Şeýlede okaň:

Robotehnika bäsleşiginiň çägine taslama bäsleşigi geçirildi

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok