“Magtymguly Pyragy ensiklopediýasy” taýýarlanylýar

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda türkmen halkynyň baý edebi mirasyny, gadymy dilini, taryhyny, meşhur alymlaryň, beýik şahyrlaryň ömrüni we döredijilik ýoluny öwrenmek, halka ýetirmek, dünýä ýaýmak babatynda ägirt uly taryhy işler durmuşa geçirilýär. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakyndaky” 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda gol çeken Kararyna hem-de akyldar şahyryň doglan gününi dabaraly belläp geçmek boýunça 2022-nji ýylyň 23-nji dekabryndaky Karary bilen tassyklanan iş Meýilnamasyna laýyklykda “Magtymguly Pyragy ensiklopediýasynyň” taýýarlanylýandygyny buýsanç bilen bellemek bolar. Akyldar şahyrymyzyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanylýan bu ensiklopediýa taryhda ilkinji gezek amala aşyrylýar.

Türkmen halkynyň üç ýüz ýyla golaý wagt bäri gaýtalanmajak çeper döredijiligi bilen öz halkynyň adyny dünýä ýaýan beýik akyldar şahyryň umman ýaly giň many-mazmuna eýe bolan edebi mirasy hakdaky maglumatlary özünde jemleýän «Magtymguly Pyragy ensiklopediýasyny» sanly we neşir görnüşde taýýarlamak esasy öňde goýlan wezipeleriň biridir. Ensiklopediýa şahyryň edebi mirasy, ýaşan döwrüniň syýasy-durmuş ýagdaýy, esaslandyran edebi-döredijilik mekdebi, türkmen diliniň, edebiýatynyň kämilleşmegindäki orny diýen ýaly otuza golaý bölümi öz içine alýar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň atalyk kitaplarynda Magtymguly Pyraga goýýan beýik hormaty bilen açylýan ensiklopediýanyň esasy düzümini akyldar şahyryň eserleriniň golýazmalary, käbir goşgularyna berlen düşündirişler, şahyryň döredijiliginiň türkmen dili we edebiýaty nukdaýnazaryndan öwrenilişi babatyndaky maglumatlar düzýär. Şeýle hem onda Magtymguly Pyragynyň Gündogar edebiýatynyň meşhur wekilleriniň döredijiliginden täsirlenişi, akyldar şahyryň edebi-döredijilik mekdebi, dini-ahlak garaýyşlary, okan medreseleri hem-de syýahat eden ýerleri baradaky maglumatlara giňden orun berilýär.

Aýsona MÄMMEDOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok