Halk Maslahaty – döwletli ýörelgeleriň dowamy

Ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerine eýerip, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 24-nji sentýabrynda ýur­du­my­zyň sy­ýa­sy-jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şyn­da örän mö­hüm wa­ka bo­lan Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­tynyň no­bat­da­ky mej­li­si ge­çi­ri­ldi. Bu ta­ry­hy wa­ka­nyň hal­ky­my­zyň baş baý­ra­my­nyň —  mukaddes Ga­raş­syz­ly­gy­myzyň şan­ly 32 ýyl­lyk to­ýu­nyň öňü­sy­ra­syn­da geçirilmegi bolsa türkmen halkynyň şatlygyny goşalandyrdy. Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty döw­let Ga­raş­syz­ly­gy bi­len ro­waç­la­nan mil­li de­mok­ra­ti­ýa­nyň döw­re­bap ül­ňü­si­dir. Halkymyzyň we döwletimiziň durmuşynda örän ähmiýetli waka bolan umumymilli forumyň gün tertibi ýurdumyzy mundan beýläk-de bedew bady bilen ösdürmäge, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen düýpli özgertmeleri amala aşyrmagyň ileri tutulýan wezipelerini özünde jemledi.

24-nji sentýabrda geçirilen Halk maslahatynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadygymyzyň eden taryhy çykyşy biziň üçin uly mekdebe öwrüldi. Milli Liderimiziň sözlän sözi halkymyzy beýik geçmişine buýsanmaga, has röwşen ertirlere ynam bilen garamaga esas döredýär.  

Şu gezekki taryhy maslahatda halkymyzyň, Watanymyzyň bähbidine örän köp wezipeler, örän köp tutumlar öňe sürüldi, halk wekilleriniň teklipleri diňlenildi. Türkmenistany ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly alyp barýan we häzirki döwürde ata-babalarymyzyň asylly däplerini dowam etdirmek babatda giň gerimli işleri amala aşyrýan gujur-gaýratly, zehinli, maksada okgunly döwlet Baştutanymyzyň ägirt uly hyzmatlarynyň göz öňünde tutulyp, foruma gatnaşyjy ýaşulularyň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy baradaky teklibiň biragyzdan goldanylmagy, Halk maslahatynyň taryhy çözgütleri esasynda Arkadagly Serdarymyza Türkmenistanyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesi ― «Altyn Aý» altyn nyşanynyň gowşurylmagy bilen, Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy ähli türkmenistanlylaryň başyny göge ýetirdi.

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de, Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­ly­nyň 24-nji sent­ýab­ryn­da ge­çi­ril­en Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­tynyň no­bat­da­ky mejlisi de­mok­ra­tik, dün­ýe­wi, hu­kuk döw­le­ti­mi­ziň ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy­nyň has kä­mil­leş­me­gin­de ýatdan çykmajak waka hökmünde milli senenamamyzda aýratyn orun aldy. 

Gadam AKMYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
Diller kafedrasynyň mugallymy,
Mary şäher Halk maslahatynyň agzasy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok