ÝUNESKO-mälim bolşy ýaly, bu şäherleriň döredijilik tory hasaplanyp, ol medeni köpdürliligiň goraglylygyna we ilerledilmegine ýardam berilmegine, şonuň ýaly hem dünýäniň şäherleriniň durnukly we inklýuziw ösüşiň ähmiýetli şerti hökmünde innowasiýalaryň we döredijiligiň aýratynlyklarynyň hemme taraplaýyn ösdürilmegine ýardam bermeklige gönükdirlendir.
ÝUNESKO- Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medenýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirlen edaradyr. Türkmenistanyň çäginde taryhy we medenýet ähmiýetli 1000-den gowrak ýadygärlikler ýüze çykarylyp, bu gurama tarapyndan hasaba alyndy. Olardan Köneürgenç ýadygärlikleri, Gadymy Nusaý, Gadymy merw, Görogly dessany, Alabaý itleri, Küşdepdi, Milli halyçylyk sungaty degişli edilýär.
Türkmen halysy-türkmen halkynyň medeni gymmatlyklarynyň esasylarynyň biridir. Köp ýyllardan bäri ene-mamalarymyzyň çeken zähmeti hormatlanyp, olaryň erjellik bilen halyçylygyň aýratynlyklaryny gorap, şu günlere ýetirmegi aýratyn hormata eýedir. Bu senetçiligiň sanawa girizilmegi hem, aýratyn bir begendiriji ýagdaýdyr.
Küşdepti- bu gadymy türkmen tansy we aýdymy bolup, ol batly depginde ýerine ýetirilýändir. Halk içinde ähmiýetli dabaralaryň barşynda giňden ulanylýandyr.
Ahalteke bedewi-köp asyrlyk taryhy we özboluşlylygy, ýyndamlygy we aýratyn gözelligi boýunça diňe bir Türkmenistanyň däl, eýsem tutuş umumyadamzat siwilizasiýasynyň gymmatly hazynasy bolup durýar.
Türkmenistanda ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli topary hereket edýändir. Bütindünýä Milli Gurama bolan ÝUNESKO-nyň düzüminde biziň yurdumyzdan hem birnäçe gymmatlyklaryň girizilmegi, olaryň dünýä derejesindäki ähmiýetiniň has hem ýokarydygynyň nyşanydyr.
Älemjahan AŞYROWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby.
Teswirler