Ykdysady ösüş sazlaşykly depginde ýokarlanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Arkadagly Serdarymyzyň ýola goýýan beýik başlangyçlary, döwletli işleri, ýöredýän ykdysady syýasatynyň sazlaşykly depgini ýurdumyzy bedew bady bilen öňe sary alyp barýar. Eziz Diýarymyzda amala aşyrylýan netijeli tutumlaryň, düýpli özgertmeleriň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň ugurlaryna öňdebaryjy tehnologiýaly önümçilik kuwwatlyklary işe girizilýär, şonuň netijesinde hem ýyly-ýylyna ýokary görkezijiler gazanylýar. Häzirki wagtda bazar gatnaşyklarynyň giň gerime eýe bolmagy, hususyýetçiligiň ösüşiniň artmagy, ussat telekeçileriň tagallalary bilen ýurdumyzda haryt bolçulygynyň döredilmegi  milli ykdysadyýetimiziň öňe gitmegine itergi berýär. Milli Liderimiziň başyny başlan, Arkadagly Serdarymyzyň mynasyp dowam etdirýän işleri netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde hususyýetçileriň has öndürijilikli zähmet çekmeklerine ýardam berilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda azyk bolçulygy bilen baglanyşykly wezipeler hem üstünlikli amal edilýär. Munuň özi kiçi we orta işewürligiň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin zerur şertleri döretmeklige, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda bazar gatnaşyklaryna geçmeklige, importyň ornuny tutýan eksportyň möçberini artdyrmak durnukly ösüşiň esasy şertleri hökmünde çykyş edýär. Kämil, öňdebaryjy tehnologiýalara esaslanýan önümçilige maýa goýumlaryny goýmak bilen birlikde, emele gelýän bazar şertlerine batly depginde uýgunlaşylýar, öndürilýän önümleriň möçberini artdyrmaga, olaryň hilini ýokarlandyrmaga, şeýle-de “ýaşlar” kärhanalaryny döretmek bilen, ýurdumyzyň işjeň kuwwaty bolan ýaşlar üçin täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berilýär. Obasenagat toplumynda döwrebap enjamlaryň ornaşdyrylmagy daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişiniň artdyrylmagyna, halkymyzyň ter gök önümlere bolan isleglerini ýeterlik kanagatlandyrmaga şert döredýär. Şeýle-de onuň çäklerinde ýurdumyzyň sebitlerinde maldarçylyk we guşçulyk toplumlary, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalary, ýyladyşhanalary döredilýär. Munuň özi diňe bir ykdysady ösüşi üpjün etmän, eziz ýurdumyzyň dünýä derejesindäki abraý-mertebesiniň hem barha artmagyna, kuwwatly döwlet hökmünde mundan beýläk hem ösmegine uly itergi berýär. Şeýle döwletli işleri bilen ata Watanymyz gülledip ösdürýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, mertebesi belent bolsun!

Maruf RAŞIDJANOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Mehanika-tehnologik fakultetiniň II ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok