Merkezi Aziýanyň jemi içerki önümi 7 esse ýokarlandy

«Howar» milli habar gullugynyň habar bermegine görä, soňky 20 ýylda Merkezi Aziýanyň jemi içerki önümi 7 esse ýokarlandy we ortaça ýyllyk ykdysady ösüşi 6,2 göterime ýetdi. Munuň özi 2,6 göterime deň bolan dünýä ykdysadyýetiniň ösüşinden 3,6 göterim ýokarydyr.

Çeşmäniň ýazmagyna görä, muny Täjigistan Respublikasynyň ykdysady ösüş ministri Zawki Zawkizoda «Sanly ykdysadyýet, sanly söwda we innowasiýa» mowzugy boýunça Merkezi Aziýa döwletleriniň Ykdysady forumynda mälim etdi.

Merkezi Aziýanyň dünýäniň jemi içerki önümindäki paýy 1,8 esse, daşary söwda dolanyşygy 6 esse, sebite göni daşary ýurt maýa goýumlarynyň mukdary 17 esse, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň harytlarynyň we önümleriniň daşary söwda dolanyşygy bolsa 6 esse artdy.

Ýeri gelende belläp geçsek, Türkmenistan, Gazagystan we Özbegistan şeýle-de Täjigistan esasy söwda hyzmatdaşlary bolup durýar.

Foruma gatnaşyjylar bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde sanly ykdysadyýetiň paýyny artdyrmak boýunça Hereketleriň meýilnamasyny taýýarlamak barada ylalaşdylar.

Hydyr GARLYÝEW,

Türkmenistanyň inžener-tehniki we
ulag kommunikasiýalary
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok