Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda beýleki ugurlar bilen bir hatarda, türkmen halkynyň edebi mirasy, taryhy şahsyýetlerimizi öwrenmäge uly üns berilýär. Türkmeniň beýik şahsyýetleriniň biri hem Magtymguly Pyragydyr. Şanly Garaşsyzlygymyzyň öňüsyrasynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny baýram edip bellemek üçin ýurdumyzda taýýarlyk işleri geçirilýär.
Geçmiş taryhymyzda agzalyp geçilşi dek, Magtymguly Pyragy elmydama türkmenleriň bir bitewi agzybir döwlet bolmagyny arzuw edipdir. Sebäbi onuň ýaşan döwri türkmenleriň bitewi agzybir döwlet bolmadyk zamanydyr. Şahyr öz eserlerinde adamlaryň birek-birek bilen ylalaşyp, agzybir ýaşamaga, taryhyň çylşyrymly meselelerini çözmekde birek-biregi agzybirlige, adam mertebesini goramaga çagyrýar.
Magtymguly öz halkynyň bir ýere jemläp, olara baş bolup biljek ýigitleriň bolmagyny isläpdir, onuň üçin ile baş bolup biljek giç ýigit, ilki bilen danalaryň öwüt ündewlerine gulak asmagy, agy-garany saýgaryp bilmegi, zähmet çekmegi başarmagy, iň esasy bolsa halkyň agzybirligini gazanyp biljek ynsan bolmagy hökman diýip bilipdir. Şeýle baştutan ýurdy ägirt uly kuwwatly döwlete öwürjegine ynanypdyr.
Dana akyldaryň edebi mirasynyň ähmiýetli tarapy onuň döredijiliginiň halk pähimleri we döredijiligi bilen bitewi sazlaşygydyr. Şahyryň ençeme goşgulary nakyllara we atalar sözlerine öwrüldi.
Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Magtymguly Pyragynyň döredijiligine goýýan hormatynyň beýikligi-de, şol aýratynlyklardan gözbaş alýar.
Hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda eden çykyşyny hem Magtymguly Pyragynyň «Adamzat» atly goşgusynyň şu sözleri bilen tamamlamagy
Ýatsa-tursa hyýalyndan çykarmaz,
Kaýsy işe maýyl bolsa adamzat.
Dünýä halklarynda diýseň uly täsir galdyrdy.
Läle SERDAROWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler