Janly tebigatyň “çyrajyklary”

Janly tebigatyň wekilleriniň hersi öz aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Şolaryň biri-de ýagtylyk saçýan tomzajyklardyr. Gollandiýaly professor Marsel Minnertiň pikiriçe, 13 metr aralykdan ýagtylyk saçýan tomzagyň (Lampyris noctiluca) bu häsiýeti “Vega” ýyldyzynyň parlaklygyna deňdir. Bu bolsa tomzagyň takmynan 0,002 lýumen ýagtylyk çykarýandygyny aňladýar. 60 Watt-lyk akkor çyranyň ýagty akymyny almak üçin ýarym milliondan gowrak şeýle tomzaklary ýygnamaly bolýar, ýagtylyk saçanda tomzagyň özi gyzmaýar, onda ýylylyk ýitgileri bary-ýogy 2%. Onuň şöhle saçmagy bedenindäki bioluminesensiýanyň himiki prosesi bilen ýüze çykýar. Öýjükli kislorod kalsiý, energiýa saklaýan molekula adenozin trifosfat (ATP) we lýusiferaza fermentiniň barlygynda pigment lýusiferin bilen birleşende ýagtylyk çykýar. Köp ýylylyk öndürýän akkor çyralardan tapawutlylykda, olaryň ýagtylyk öndürýän organy çyranyň temperaturasyna çenli gyzmaly bolsa, onda mör-möjek ölerdi. Ýagtylygy dolandyrýan organ ýagtylyk döretmek üçin zerur bolan beýleki birleşmelere kislorod berip başlaýar we “öçürmek” bilen üpjün edýär. Kislorod bar bolsa, lýumesent organy ýagtylyk çykarýar we kislorod ýok bolanda öçýär.

Mör-möjege daşardan kislorod traheid diýilýän turbalary arkaly kem-kemden daralýan çylşyrymly ulgam arkaly bedene berilýär. Traheolalardan kislorod üpjünçiligine gözegçilik edýän myşsalar gaty haýal işleýär we ýalpyldawuklygyň çalt işjeňleşmegi uzak wagty alýar. Şeýle-de alymlar bu hadysada azot oksidiniň hem möhüm rol oýnaýandygyny ýaňy-ýakynda ýüze çykardylar. Adatça, öýjüklerde energiýa öndürmek üçin organellalaryň zerur kislorody mitohondriýa bilen saklanýar. Mitohondriýany kislorodyň bir böleginden ýüz öwürmäge mejbur etmek üçin mör-möjekleriň beýnisi mitohondriýadaky kislorodyň ornuny tutýan azot oksidini öndürmegi buýurýar. Kislorod lýumenessensiýa organlaryna gidýär we netijede ýagtylyk çykýar. Şeýle-de bolsa, azot oksidi çalt dargaýar, şonuň üçin kislorod tiz wagtdan birleşýär we ýene-de ýagtylyk öndürilýär.

Ýagtylyk saçýan tomzajyklar bu häsiýetini dürli sebäplere görä ýüze çykarýar. Bedenlerinde ýyrtyjylara ýaramaz täsir edýän gorag steroidleri öndürýär we olaryň ýalpyldawuklygy bu jandarlary iýip bolmajakdygyny görkezýän duýduryş signaly bolup hyzmat edýär. Lýumenessensiýa mehanizmi käbir ýagty kömeleklerde hem bar. Şeýle-de Demirgazyk Amerikanyň kebelekleri hem, görnüşlerine baglylykda tolkun uzynlygy bilen 550-den 580 nm aralygyndaky ýagtylyk çykarýar. Käbir görnüşleriň ýagtylygy, gysga tolkun uzynlygy bilen has ýaşyl reňkde bolýar, beýlekileri öz tolkun uzynlygy bilen sarymtyl reňkde bolýar.

Tomzaklaryň bu görnüşleriniň esasan agşam uçýandygy üçin alymlar garaňky tokaýda olaryň bu artykmaçlygyndan peýdalanýandygyny çaklaýarlar. Garaňky düşende tomzajyklaryň çyralary ýaşyl ýapraklarda şöhlelenýär, şol pursat daş-töwerek owadan keşbi bilen tapawutlanýar.

Güljahan ŞYHYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok