Garaşsyzlyk — merdana halkymyzyň milli buýsanjy

Garaşsyzlyk güni özygtyýarly döwletimiziň berkararlygyny, nesilleriň we döwürleriň synmaz ruhy baglanyşygyny, ata-babalarymyzyň Watanymyzyň Garaşsyzlygy, ýurdumyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň jebisligi ugrunda köp asyrlaryň dowamynda eden arzuwlarynyň hasyl bolandygyny alamatlandyrýan baş baýramymyzdyr. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan gülläp ösüşiň, abadançylygyň mekanyna öwrülýär. Mähriban Watanymyzyň halkara abraýy täze belentliklere göterilip, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasaty dünýä bileleşiginde giň goldawa eýe bolýar. Şöhratly ata-babalarymyzyň ençeme asyrlaryň dowamyndaky arzuwy bolan Garaşsyzlyk bu gün merdana halkymyzyň milli buýsanjyna öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen halkymyzyň durmuş-ykdysady ýagdaýy düýpli özgerip, halk hojalygynyň ähli pudaklarynda oňyn netijeler gazanylýar. Gazanylýan ýokary netijeler, ýetilýän belent sepgitler biziň kalbymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyza guwanç, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne bolan buýsanç duýgularyny oýarýar, şanly ertirimize uly ynam döredýär. Halkymyzy beýik zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar.

Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýola goýlan hoşniýetli hyzmatdaşlyklaryň we gazanylan ylalaşyklaryň netijesinde, ýurdumyzyň halkara duşuşyklaryň, maslahatlaryň mekanyna öwrülmegi, döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilmegi, Diýarymyzyň merjen paýtagty Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy, Türkmenistan döwletimiziň ynsanperwer, hoşniýetli hyzmatdaşlyga ygrarly, parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma bildirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Jennet PIRGULYÝEWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok