Bilim-terbiýeli türkmen ýaşlary — ata Watanymyzyň buýsanjy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyz uly ösüşlere, taryhy wakalara, şatlyk-şowhuna beslenýär. Ýaşlygyň hyjuwy möwç urýan joşguny bolup gelen bu ýylymyzda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işlerini üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek, döwrebaplaşdyrmak, biziň geljegimiz bolan ýaş nesli sagdyn, ylymly-bilimli, aň-düşünjeli kemala getirmek babatda amala aşyrýan beýik işleri ähli halkymyzy guwandyrýar.

Täze taryhy döwürde milli bilim ulgamynyň gurluşyny döwrebaplaşdyrmaga, bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, bilim işini kämilleşdirmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeler depginli dowam etdirilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, çagalar baglaryndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli bilim işi milli ýörelgelere, öňdebaryjy dünýä tejribelerine hem-de halkara ülňülere laýyklykda tapgyrlaýyn kämilleşdirilýär.

Ýaş nesli milli we umumadamzat gymmatlyklary esasynda terbiýelemek durmuşa geçirilýän özgertmeler syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, jemgyýetimiziň we döwletimiziň mundan beýläk-de ösmegi üçin binýatlaýyn esas hökmünde garalýan milli bilim ulgamyny kämilleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär.

Bize şeýle ajaýyp mümkinçilikleri, döwrebap şertleri döredip berýän hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza alkyş aýdyp, berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan döwletli işlerinde elmydama rowaçlyk arzuw edýäris.

Bibi ÖWEZOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok