Beýik Garaşsyzlygymyzyň toýy gutly bolsun!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ata Watanymyz oňyn özgertmeler ýoly bilen Arkadagly Serdarymyzyň beýik başlangyçlary netijesinde ynamly öňe barýar. Ähli ugurlar babatda gazanylýan netijeli işler bolsa ýurt Garaşsyzlygymyza esaslanýar. Mälim bolşy ýaly, Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň, sportuň, saglygy goraýyş, bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyna tarap uly ädimler ädilip, olaryň düzümi tapgyrlaýyn kämilleşdirildi. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bina edilen dürli maksatly ymaratlar, bilim ojaklary, sport desgalary, köpugurly hassahanalar, şypahanalar bu günki gün halkymyzyň hyzmatynda. Häzirki wagtda şeýle başlangyçlary döwrebaplaşdyrmak boýunça işler ýokary depginde dowam etdirilýär. Baky bagtyýarlygyň şäheri bolan Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň dabaraly ýagdaýda açylmagy, onda bina edilen ymaratlaryň ýokary hil ölçegine laýyk gelmegi, “akylly” tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylmagy ýurdumyzyň ösen ykdysady kuwwatyndan habar berýär.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ylym-bilim ulgamynyň dünýäniň ylmy giňişligine goşulyşmagy, onuň döwür bilen aýakdaş gadam urmagy ugrunda uly aladalar edildi. Bu işler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem mynasyp derejede dowam etdirilýär. Kämil bilimli, ylmy taýdan taýýarlykly, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji, zehinli hünärmenleri ýetişdirmek babatda zerur işler durmuşa geçirilýär. Ýaşlar syýasatyny kämilleşdirmek babatda ýola goýulýan asylly işler hem gönüden-göni şuňa gönükdirilendir. Bular bilen bir hatarda, Türkmenistan Watanymyz bu günki gün özüniň syýasy-ykdysady we medeni ösüşleri bilen tutuş dünýä ýüzüniň ünsüni özüne çekýär. Eziz ýurdumyz dünýä ýurtlary bilen ysnyşykly, dostana gatnaşyklary ýola goýdy. Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary esasynda bu dostlukly gatnaşyklar parahatçylyga ýugrulan daşary syýasatymyzyň dabaralanmagyny, bagtyýar halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagyny üpjün edýär.

Şu günler “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramyny dabaralandyrmaga gönükdirilen syýasy-köpçülikleýin çäreler aýratyn orna eýe bolýar. Tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dabaralary uly joşguna, uly ruhubelentlige ýugrulyp, kalplary heýjana salýar. Çünki beýik Garaşsyzlygymyz biziň başymyzyň täji, dilimiziň senasy, halkymyzyň buýsanjy hem guwanjy. Ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk toýy bilen Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Serdarymyzy hem-de ähli watandaşlarymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys! Goý, eziz ýurdumyzda şeýle dabaraly toýlaryň belent joşguny müdimilik ýaňlansyn! Baýramyňyz gutly bolsun!

Aýsoltan HUDAÝNAZAROWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Agronomçylyk fakultetiniň
IV ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok