Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzyň 24-nji sentýabrynda – döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk toýunyň öňýanynda paýtagtymyzyň Maslahatlar köşgünde bolup geçen nobatdaky mejlisinde Arkadagly Serdarymyza döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň öňünde bitiren aýratyn görnükli hyzmatlary üçin ýurdumyzyň iň ýokary döwlet sylagynyň – Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy biz türkmen ýaşlaryny diýseň buýsandyrýar. Çünki, bu belent at mertebesi belent hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň özygtyýarlylygyny, konstitusion gurluşyny, döwlet garaşsyzlygyny we hemişelik bitaraplygyny pugtalandyrmaklyk, milli demokratik jemgyýetimizi, halkyň agzybirligini berkitmeklik, adamyň we raýatyň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny goramaklyk babatda goşan ägirt uly şahsy goşantlarynyň, şeýle-de eziz diýarymyzda ykdysadyýeti, ylmy, medeniýeti, durmuş çygryny ösdürmeklikde, jemgyýetçilik, ynsanperwerlik, haýyr-sahawat we işiň gaýry görnüşlerinde döwletimiziň hem halkymyzyň öňünde bitiren beýik hyzmatlarynyň bütin türkmen ymmaty tarapyndan ykrar edilmegidir.
Watan şöhratyny arşa göteren,
Arkadagly Serdarymyz Gahryman.
Täze Galkynyşdan bagta ýetiren,
Arkadagly Serdarymyz Gahryman.
Gahryman Arkadagymyzyň durmuş mekdebini geçen ýaş döwlet Baştutanymyzyň pähim-paýhasa ýugrulan ýiti zehinine, özboluşly bir täsin, baý iş tejribesine halkymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde haýran galyp, Arkadagly Serdarymyza Türkmenistanyň Gahrymany diýen iň ýokary döwlet sylagyny gowşurmagy döwletimiziň we jemgyýetimiziň ýaş nesle biçak uly ynam bildirýändiginiň aýdyň alamatyna öwrüldi. Çünki, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy döwrebap ösüşiň aýdyň ýolundan alyp barýan häzirki eşretli zamanasy – Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ýaşlar meselesine döwlet syýasatynyň ileri tutulýan iň wajyp ugurlarynyň biri hökmünde aýratyn üns berilýän ajaýyp zamanadyr. Bu ajaýyp zamanada Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Beýik Gahryman Şahsyýeti türkmen ýaşlary üçin nusgalyk mekdepdir.
Toýly Jänädow,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Mary etrap geňeşiniň işgäri.
Teswirler