Medeni diplomatiýa – dostluk köprüsi

Türkmen halkynyň asyrlary aşan milli däp-dessurlary, şöhratly taryhy, baý mirasy özboluşly nusgalyk mekdep. Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda halkymyzyň milli mirasyny gorap saklamak hem-de wagyz etmek işine döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň medeni ýadygärliklerini, tebigy gözelliklerini aýap saklamak ugrunda Türkmenistan ÝUNESKO bilen halkara derejesinde netijeli işleri  alyp barýar. 1993-nji ýylda Türkmenistan bu abraýly guramanyň doly hukukly agzasy bolan döwründen bäri dünýä siwilizasiýasynyň möhüm bölegi bolan taryhy-medeni, tebigy gymmatlyklary geljekki nesillere ýetirmek üçin giň gerimli işler yzygiderli amala aşyrylýar.

Türkmen hünärmenleri bilen bilelikde daşary ýurtly alymlary tarapyndan giňişleýin öwrenilen ýurdumyzyň ýadygärlikleriniň birnäçesi ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň abraýly sanawyna girizildi. Beýik Ýüpek ýolunyň esasy ugurlarynda ýerleşen iri türkmen şäher ýadygärlikleriň topalaýyn görnüşiniň hem şol sanawdan mynasyp orun almagyna garaşylýar.   

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz diýarymyzyň baýry ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNSKO-nyň kafedralary yzygiderli döredilýär. Taryhy ýadygärliklerimiziň hem-de ata-babalarymyzyň milli däp-dessurlarynyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulmagy dünýä medeniýetini döretmäge halkymyzyň goşan goşandyny Ýer ýüzüne ýaýmaga ýardam edýär.

Ogulbibi Baýrammämmedowa,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok