Çary Akmyradow robot tehnikasy boýunça bäsleşiklerde üstünlikli çykyş etýär

2023-nji ýylyň 23-24-nji sentýabry aralygynda ýurdumyzyň umumybilim berýän ýöriteleşdirilen mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) tarapyndan bilelikde gurnamagynda “Robot şüweleňi” atly bäsleşigi geçirildi.

Bu bäsleşikde taslama ugry boýunça Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň okuwçysy Çary Akmyradow 3-nji orny eýeledi.

“Robot şüweleňi” bäsleşigi ýaşlaryň tehniki taýdan taýýarlygyny, taslamalary döretmek we amala aşyrmak başarnyklaryny ösdürmek bilen bir hatarda, innowasion pikirlenmäge höweslendirýän möhüm meýdança bolup çykyş etdi.

Şeýle hem belläp geçsek, Çary Akmyradow 2023-nji ýylyň 16-njy martynda geçirilen umumybilim berýän ýöriteleşdirilen mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda robot tehnikasy, takyk we tebigy ugurly okuw dersleri boýunça döredijilik bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda 1-nji orna mynasyp bolupdy.

Mundan başga-da, 2023-nji ýylyň 5-nji iýunynda Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti tarapyndan gurnalan Innowasion tehnologiýalar bäsleşiginde bürünç medaly gazandy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok