Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda beýik özgertmeleriň amala aşyrylýan, ajaýyp ösüşleriň gazanylýan we belent sepgitleriň ýetilýän eýýamydyr. Garaşsyz ýurdumyzyň altyn geljegi bolan, häzirki zaman innowasiýalaryndan baş çykarýan ylymly we bilimli türkmen ýaşlaryna uly ynam bildirilýär. Munuň özi täze taryhy döwürde ähli ýaşlaryň döwrebap bilim alyp, ylym öwrenip, durmuşa geçiriljek beýik işlere ählitaraplaýyn kämil hünärmenler hökmünde mynasyp goşant goşmaga bolan ynamyny has-da artdyrýar.
Ýurdumyzda ähli ugurlarda bolşy ýaly, ylym-bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler aýdyň maksatlary nazarlaýar. Bilim ulgamyna has kämil usullar, iň täze tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Häzirki wagtda ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermekde biz — bilim işgärleri dünýä tejribesini, innowasion-kommunikasion we multimedia tehnologiýalaryny ulanýarys. Ýurdumyzda okuw tehnologiýalaryna uly üns berilýär. Olarda döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna degişli işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleri öz miwelerini berýär.
Ýurdumyzda «Bilimli nesil — kuwwatly Watan» diýen çuň manyly ýörelgä eýerilip, bilime aýratyn üns berilýär. «Ýaşlara hünär ýaraşar» diýleni, ýaş nesil öz saýlap alan hünäriniň eýesi bolmaga çalyşýar. Biz ýaşlaryň hemmetaraplaýyn kämil nesiller bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Arzygül ÇANGLYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler