Behi Ýerdäki iň gadymy agaçlaryň biri hasaplanylýar. Maý aýyndan iýun aýyna çenli gülläp, oktýabr aýynda hasyla durýan bu miwäniň watany Aziýa. Dünýädäki behi hasylynyň 1/5 bölegi türkiýde ösdürilip ýetişdirilýär. Behi agajy 50-60 ýyla çenli ýaşaýar we her ýyl miwe berýär. Başga miwelere serediniňde has giç ýetişýän behide köp sanly bejeriş aýratynlyklary bar. Alymlar bu güýz miwesiniň aşgazan-içege ulgamynyň işini kadalaşdyrmakda peýdasynyň uludygyna göz ýetirdiler. Iýmit siňdirmekde kynçylyk çekýän näsaglar üçin gaýnadylan behi maslahat berilýär. Behiniň düzüminde kaliý baý mukdarda bolup, dowamly ýadawlygy ýeňip geçmäge we ýüregi gowlandyrmaga giňden kömek edýär. Behi miwesinde bar bolan demir ganazlygyň öňüni almak üçin hem maslahat berilýär. Şeýle-de güýz paslynda giňden ýaýraýan dümewde beýi bedeni zyýanly bakteriýalaryň işjeňliginden goraýar, rak keseliniň töwekgelçiligini azaldýar, göz we bagyr kesellerinde peýdalanylýar.
Behiniň tohumlary-da möhüm hasaplanylýar. Lukmançylykda olar bronhitde we ýanmalary bejermekde ulanylýar, ýöne iýmit hökmünde kabul edilmeýär. Antiseptiki täsiri bolan bu ösümligiň suwy demgysma we ýokary dem alyş ýollaryndaky keselleri bejermekde peýdalydyr. Behi ýapragynyň infuziýasy ganyň şeker derejesiniň peseldýär. Emma, aşgazan ýarasyndan ejir çekýän adamlara şeýle-de sahnada çykyş edýän aýdymçylara bu miwäni iýmek maslahat berilmeýär. Behi ses ulgamynda kynçylyklary ýüze çykaryp biler.
Behi bedenimiz üçin peýdaly hem-de zerur miweleriň biri. Ondan dürli tagamlary we şerbetli içgileri taýýarlamak mümkin.
Gurbangeldi AMANMEDOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler