Şu gün paýtagtymyzyň Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Halk maslahatynyň mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.
Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň baýram edilýän günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşiniň netijelerini jemlendi we gazanylan üstünlikleri hem-de täze taryhy döwürde öňümizde duran derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Gahrymany diýen ady dakmak dabarasy geçirildi. Dabaraly ýagdaýda ýurdumyzyň milli parlamentiniň ýolbaşçysy D.Gulmanowa Türkmenistanyň Mejlisiniň «Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Gahrymany diýen ady dakmak hakynda» Karary okady.
Şeýle hem ýurdumyzyň ykdysadyýet ulgamynda birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhameow Halk Maslahatynyň mejlisindäki eden çykyşynda şu ýylyň başyndan bäri jemi içerki önümiň ösüşi 6,2% möçberde durnukly saklanýandygy belledi hem-de şu ýyl ýurdumyzda jemi 37 milliard 400 million manat möçberde maýa goýumlaryny goýmak göz öňünde tutulýandygyny aýtdy.
Mundan başga-da döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, şu ýyl pudakda 1 milliard 600 million manat möçberde düýpli maýa goýumlary özleşdiriler. «Häzirki döwürde ähli hojalyklarda gara mallaryň baş sany 2 million 530 müňe, dowarlaryň sany 20 million 88 müňe, guşlaryň sany 21 million 957 müňe, düýeleriň sany hem 141 müňe ýetirildi» diýip, Arkadagly Serdarymyz belläp geçdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek barada aýdyp berdi. Bu barada Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşynda aýtdy. «Ynsanperwerlik, mätäji goldamak ýaly milli ýolumyza eýermek bilen, biz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyny döretdik» – diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.
Şeýle hem Halk maslahatynyň mejlisiniň dowamynda ilat ýazuwyň netijeleri boýunça durup geçildi. Arkadagly Serdarymyzyň aýdyşy ýaly, Ilat ýazuwynyň netijeleri boýunça 2022-nji ýylyň 17-nji dekabryndaky ýagdaýa görä, ýurdumyzyň ilaty 7 million 57 müň 841 adam boldy. «Şunuň bilen baglylykda, biziň öňümizde täze wezipeler ýüze çykýar. Ilat ýazuwynyň jemlerinden ugur alyp, geljek ýyllardaky meýilnamalarymyza degişli seljermeler geçirilip, takyklamalar girizilse, maksadalaýyk bolar diýip hasaplaýaryn» diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisindäki eden çykyşynda Arkadag şäherini 2024 – 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň konsepsiýasyny taýýarlamagy maksadalaýyk hasaplaýandygyny belledi.
Teswirler