Türkiýede Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna bagyşlanan dabara geçirildi

Türkiýe Respublikasynyň paýtagty Ankara şäherinde Garaşsyzlygymyza bagyşlanyp dabara geçirildi. Bu geçirilen dabara türki döwletleriniň parlamentara gaznasynyň binasynda geçirildi we Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasynyň hem-de türki döwletleriniň ýaşlar geňeşliginiň goldamagynda geçirildi.

Dabara gatnaşanlar deputatlar, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri, jemgyýetçilik-syýasy guramalaryň agzalary, ylym we döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri, Türkiýede bilim alýan türkmen talyplary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy. Bu dabarada ýurdumyzyň dost-doganlyk gatnaşygyny pugtalandyrmak, söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak, ylym-bilim ösdürmekde, medeni gatnaşyklary pugtlandyrmakda, daşary syýasy gatnaşyklary ösdürmekde alnyp barylýan işleri söhbetleşdiler.

Dabaranyň soňunda Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza Türkmen halkyna jan saglyk, işlerinde üstünlik we ýetip gelen Garaşsyzlyk baýramy bilen gutladylar.

Mahym ÝUSUPOWA,
Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine
ýöriteleşdirlen 36-njy mekdebiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok