Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyz Türkmenistan berkararlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy hökmünde tanalýar. Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgesi dillerimiziň senasyna öwrülip, berkararlygyň mukamy bolup ýaňlanýar. Täze Galkynyşly ajaýyp döwürde ýokary ruhubelentlikde bellenilip geçilýän şanly senelerimiz ýurdumyzyň şan-şöhratyny tutuş älem-janaha ýaýýar. Agzybirligimizi, jebisligimizi dabaralandyrýan baş baýramymyz bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýylyk toýy halkymyz tarapyndan ajaýyp zähmet üstünlikleri bilen garşylanýar.
Garaşsyzlygymyza eýe bolan günümizden başlap, ýurduň ylym-bilim we tehnologik mümkinçilikleriniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär, kämil bilimli, watansöýüji ýaş nesli kemala getirmek babatda tutumly işler ýola goýulýar. Ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýän halkara ýaryşlar we dünýä çempionatlary dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy pugtalandyrmaga, ýaş nesliň arasynda sporty, sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmaga, ýurdumyzyň halkara sport abraýyny belende götermäge uly itergi berýär.
Ýylyň-ýylyna bina edilýän häzirki zaman bilim edaralary, ak mekdepler, çagalar baglary, ýokary okuw mekdepleri we beýleki bilim merkezleri ýurdumyza görk berýär. Olary zerur bolan okuw kitaplary bilen yzygiderli üpjün etmek, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly bilim işiniň döwrebaplaşdyrylmagyna üns berilýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlarynyň maddy-tehniki binýady yzygiderli ösdürilýär, täze tehnologiýalar, innowasiýalar ornaşdyrylýar, toplumlaýyn ylmy barlaglar geçirilýär. Beýik Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramynyň bellenilýän aýynyň ilkinji gününde ýurdumyzyň iki sany ýokary okuw mekdebiniň binalar toplumlarynyň düýbüniň tutulmägy, ak bagtyň şäheri bolan Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň, Berdimuhamet Annaýew adyndaky mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň hem-de beýleki täze desgalaryň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berilmegi guwandyryjy wakalardyr. Munuň özi bolsa, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaşlaryň intellektual ukyplarynyň işjeň ösdürilýändigini, milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga uly ähmiýet berilýändigini aňryýany bilen tassyklaýar.
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda, beýik Garaşsyzlygymyzyň goýnunda üstünlikli durmuşa geçirilýän şeýle asylly işleriň esasynda ýurdumyzyň ösüşlerini rowaçlandyrýan täze taryhy döwrümiz döwletimiziň halkara derejesindäki at-abraýyny has-da belende göterýär.
Begmyrat GELDIÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby,
Kärdeşler arkalaşygynyň talyp hakynyň eýesi.
Teswirler