Ýaş nesilleriň sazlaşykly ösmegine uly ähmiýet berilýär

Baky bagtyýar zamanyň eşretli goýnunda Arkadagly Serdarymyzyň pähim-parasadyndan nurlanýan her bir günümiz üstünliklerden, belent ýeňişlerden doly. Alnyp barylýan giň gerimli işlerde döwrüň belent ruhuny görmek bolýar.

Häzirki wagtda önümçilige sanly tehnologiýalar ornaşdyrylýar, bu bolsa bäsleşige ukyplylygy, ösüşiň ýokary depginini gazanmagyň möhüm şerti hökmünde çykyş edýär. Türkmen ýaşlary alnyp barylýan innowasion barlaglara, ylmy taslamalara işjeň gatnaşýarlar.

Mälim bolşy ýaly, Garaşsyzlyk ýyllary içinde milli ykdysadyýetimiziň aýry-aýry pudaklarynda ýetilen belent sepgitler, halkara ähmiýetli möhüm taslamalar, geçirilýän giň gerimli işler ýurdumyzy ösüşe besleýär. Milli medeniýetimizi hem-de sungatymyzy sarpalamak, mundan beýläk-de kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça diýarymyzyň ähli sebitlerinde täze sungat binalary, teatrlar, kitaphanalar, muzeýler, medeniýet öýleri, «Türkmeniň ak öýi» binalary guruldy.

Ýurdumyzda döwletiň hem-de jemgyýetiň iň gymmatly baýlygy bolan raýatlarymyzyň saglygyny goramak, olaryň abadan ýaşaýşyny üpjün etmek, ilata edilýän hyzmatlary kämilleşdirmek boýunça giň möçberli işler ýola goýulýar. Bu beýik başlangyçlaryň, milli maksatlarymyzyň üstünlikli amala aşyrylmagyna ösüp gelýän ýaş nesliň işjeň gatnaşmaklaryny gazanmak möhüm wezipe bolup durýar. Çünki ýaşlar geljekki ýurt eýeleri, bagtyýar durmuşymyzy gurujylardyr.

Merdana halkymyz gadymyýetden şu güne çenli ýaş nesilleriň sazlaşykly ösmegine, olaryň edep-terbiýesine uly ähmiýet berip gelipdir. Şöhratly geçmiş taryhymyzda ýaşap geçen, ady dünýä dolan beýik şahsyýetlerimiz bize bahasyna ýetip bolmajak miras goýdular, olaryň ölmez-ýitmez eserleri, watançylyk ýörelgeleri ýaş nesiller üçin gymmatly çeşme, ýörelge mekdebidir. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem bagtly ýaşlar ýurdumyzyň jemgyýetçilik, syýas-ykdysady hem-de medeni durmuşyna işjeň gatnaşyp, eziz halkymyzyň, ata Watanymyzyň abraý mertebesini belende götermekde mynasyp goşant goşýarlar.

Milli Liderimiz Mähriban Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň nusgalyk göreldesi ýurdumyzyň ýaşlarynyň ählisi üçin beýik durmuş sapagydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, Bitarap eziz Diýarymyzyň hem-de mähriban halkymyzyň bagtly geljeginiň bähbidine beýik işleri alyp barýan Milli Liderimize hem-de Hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys!

Jennet GURBANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniň Ösümlikçilik
kafedrasynyň mugallymy.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok