Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçiriler

Ata Watanymyz Türkmenistanda döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk toýunyň giňden dabaralandyrylýan günlerinde –  Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzyň 24-nji sentýabrynda Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçiriler.

 Türkmenistanyň Halk maslahaty – ýurdumyzyň döwrüň talabyna görä günsaýyn özgerip, barha kämilleşýän milli demokratiýasynyň özboluşly bir täsin nusgasydyr. Halk demokratiýasynyň türkmen halkyna mahsus milli ýörelgelerden we häzirk zaman dünýäsiniň döwrebap ösüş usullaryndan gözbaş alýan bu kämil nusgasy «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmegiň, il-günümiziň abadan hem asuda ýaşaýşynyň, bolelin we eşretli durmuşynyň, bagtyýar ykbalynyň kepili bolup hyzmat eder. Hut şu nukdaýnazardan-da, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzyň 21-nji ýanwarynda bolup geçen Türkmenistanyň kanun çykaryjy edarasynyň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň  bilelikdäki mejlisinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň parasatly teklipleri, sargytlary, maslahatlary nazarda tutulyp, ähli halkyň wekilleri tarapyndan oňlanylyp, Türkmenistanyň Halk Maslahaty döredildi. Mundan başga-da, şol mejlisde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesiniň girizilmegi we bu wezipä Gahryman Arkadagymyzyň kanuny esasda saýlanylmagy tutuş türkmen halkymyzyň göwün isleginiň, ýürek emriniň aýdyň beýany boldy.  Şonuň netijesinde-de, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz demokratiýanyň hakyky ojagyna öwrülýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahaty Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakyndaky Konstitusion kanuna laýyklykda hereket edýän we Türkmenistanyň halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaradyr. Bu ýokary wekilçilikli edaranyň döredilmeginiň esasy maksady Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazananlaryny has-da berkitmekden, ýurdumyzy ösüşiň has ýokary derejelerine çykarmak üçin ählihalk hereketini ýaýbaňlandyrmakdan, jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer we kanunçylyk-hukuk ulgamlarda täze sepgitlere ýetirmekden, iň täze taryhymyzda gazanylan üstünlikleri wagyz etmekden ybaratdyr.

Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakyndaky Konstitusion kanunyň 1-nji maddasynda beýan edilişine görä, döwlet ähmiýetli meseleleri çözmäge, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň we durmuş-ykdysady maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine halk köpçüligini giňden çekmek, teklipleri işläp taýýarlamak, maslahatlary bermek, halkymyzyň agzybirligini, bitewüligini, jebisligini, asudalygyny, abadançylygyny berkitmäge hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziňtäze döwürde beýik özgerişler ýoly bilen depginli ösmegine, has-da kuwwatlanmagyna ýardam bermek, hyzmat etmek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady we esasy wezipeleri bolup durýar. Şeýlelik bilen, Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli, parasatly syýasaty esasynda döwleti dolandyrmagyň, ýurdumyzyň geljekki ösüş ugurlaryny kesgitlemegiň halk tarapyndan amala aşyrylyşynyň ata-babalarymyzdan däp bolan milli ýoly täzeden dikeldildi.  Çünki, «Maslahatly bişilen don gysga bolmaz», «Geňeşsiz iş bolmaz» diýen paýhasly sözleri şu günki nesle miras goýan pähim-parasatly ata-babalarymyz Oguz han atamyzyň döwründen bäri il-ýurt bähbitli her bir meseläni halka geňeşip, olar bilen maslahatlaşyp çözüpdir. 

Türkmeniň taryhyny emel-damary, asyl kökleri bilen bilýän, taryhyň sapaklarynyň halk üçin ähmiýetine çuňňur düşünýän, dünýä belli syýasatçy Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşini döretmeklik bilen Türkmeniň aksakgallar mekdebini döwrüň ruhuna laýyk täzeden dikeltdi. «Garryly il  dargamaz», «Garrym bar gaznam bar», «Garry öý diregi», «Garrysyny sylan baý bolar, ölüsini sylan beg» diýýän türkmen halky özüniň uly-kiçi masalahatyny ýaşuly ýa-da goja kişilersiz geçirmeýär. Olarsyz geçen geňeşi bir taraply, bärden gaýdan hasaplaýar. Sebäbi türkmen ýaşulusynda juda haýran galdyryjy parasatlylyk hem durmuş tejribesi jemlenendir. Öz işiniň ussady bolan, köp zady bilýän sowatly ýaş kiçiniň garaşmadyk, akyl süzgüjinden susup ýetişmedik täsin çözgütli pikirleriniň gämisini göräýmäge bir sada ýaşuly çylşyrymly läheň oýlaryň ummanyna oklap, ony hem sag-aman durmuş kenaryna alyp çykýar. 

Bu ýaýrawly paýhasyň, ýol-ýörelgäniň Oguz han türkmen döwründen bäri dowam edip gelendiginiň, onuň bolsa bärki-bärki zat däl-de, ähli zatdygy, ýagny türkmen ýaşulusynda jemlenen türkmençiligiň özboluşly sapaklarydyr häsiýetleriniň Ýere köküni uran daglar kibi çuňňurlygy hem mizemezligidir. Ine,  indi şu ýerden Gahryman Arkadagymyzyň dana ýaşulularymyza, aksakallarymyza turuwbaşdan sala salmak üçin, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşini döretmeginiň düýp esas özeni mese-mälim bolýar duruberýär. Nesilleri öz ýaşululyk mertebesine taýýarlaýan, olary öz geçen namys-arly, manydan doly, il–ýurt üçin jepakeşli ýoly bilen äkidýän ýaşulularymyzyň Baky Garaşsyzlyk ýyllarymyzda nähili uly hyzmatlar bitirendigini göz öňüne getirmegem mümkin däl. Ata ýurdumyzyň dünýäni haýran galdyryjy ösüşleri – bu ýaşululyk paýhasyň, toplanan hem oňlanan amala ediji tejribeleriň beýik güýjüniň ýeňişleridir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşini döretmeginiň, milletbaşymyz Oguz han atamyzdan gaýdýan bu gadymy ýoly täzeden dikeltmeginiň aňyrsynda ýaş össürümlere Ata Watana, Ene Topraga, il-halka wepalylyk ruhunda tälim-terbiýe bermegiň ýatandygy, syýasy hem ykdysady wezipeleri ýurt bähbidine gönükdirmek meselesiniň-de gojalar bilen çözülýändigi mese-mälim aýan bolýar.

Türkmenistanyň nobatdaky Halk Maslahatynda Gahryman Arkadagymyzyň türkmen jemgyýetiniň hem döwletiniň durmuşyna degişli örän derwaýys we wajyp ähmiýetli meseleleri  halka, hususan-da pähim-parasatly gojalarymyza sala salyp, ara alyp maslahatlaşmagy milletbaşymyz Oguz han atamyzdan gözbaş alyp gaýdýan milli demokratiýamyzyň döwrebap hem kämil nusgasydyr.  

Nesip bolsa, Döwlet Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk şanly toýunyň öňýanynda – 2023-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahaty geçiriler. Bu maslahata, şanly wakalara ýurdumyzyň ähli künjeklerinde uly taýýarlyklar görüldi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda jemgyýetimiziň, döwletimiziň ösüşiniň ähli ugurlaryna degişli düýpli meseleler ara alnyp maslahatlaşylar we olar boýunça möhüm kararlar kabul ediler.

Toýly JÄNÄDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Mary etrap geňeşiniň işgäri.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok