Türkmen topragy ekerançylygyň ýokary medeniýetiniň dörän gadymy ojagydygyr. Baba daýhanlarymyz müňýyllyklaryň dowamynda dok däneli bugdaý sümmüllerini ösdürip ýetişdirmek üçin elinden gelenini gaýgyrmandyrlar. Her bir daýhan üçin bereketli we bol hasyl almak onuň ýaşaýşynyň gowulanmagynyň amatly usuly, hünär taýdan ussatlygynyň synagydyr. Her ýylda halal zähmet çekip ekerançylykda bol hasyl alýan janypkeş daýhanlarymyzyň sany barha artýar. Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda azyk howpsuzlygynyň depginini artdyrmak, şol sanda içerki bazarlarymy özümizde öndürilýän önümler bilen doly üpjün etmek boýunça öňde goýan wezipeleriniň üstünlikli çözülýändiginiň subutnamasydyr.
Ýurdumyzda däneçilik we pagtaçylyk pudagy ýurdumyzyň ekerançylygynyň esasy ugurlarynyň biridir. Her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde ýurdumyzda Hasyl toýy bellenilip geçilýär. Bu baýramçylyk oba hojalygynyň ähli ugurlarynda ekerançylarymyzyň ýeten sepgitlerini aýdyň görkezýär. Däp bolşy ýaly, baýramçylygyň çäklerinde iň ýokary netijeleri görkezen zähmetkeş raýatlarymyza, oba hojalyk pudagynyň öňdebaryjylaryna hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, “Watana bolan söýgüsi üçin” medaly, şeýle hem gymmat bahaly sowgatlar gowşurylýar.
Obasenagat toplumynda inženerçilik-tehniki üpjünçilik meseleleri innowasion esasda çözülip, ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary kysymly tehnikalar satyn alynýar. Oba hojalyk pudagynda tohum, tehnika, amatly bahalarda berilip, pudaga täze tehniklaryň we beýleki zerur serişdeleriň üpjün edilmegi ýaly mümkinçilikler oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe-ykdysady taýdan höweslendirýär we daýhanlaryň öz zähmetiniň netijesine bolan gyzyklanmalaryny artdyrýar.
Häzirki wagtda bugdaý we pagta önümlerini öndürmek bilen bir hatarda, ýeralma, gant şugundyry, şaly, beýleki gök önümleri, däneli we bakja ekinlerini ýetişdirmek üçin ýerler bölünip berilýär, täze bagçylyklar, üzümçilikler döredilýär. Bu pudaklaryň ählisi işleriň ýokary derejede mehanizasiýalaşdyrylmagyny we awtomatlaşdyrylmagyny talap edýär.
Umuman, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, ähli pudaklar bilen bir hatarda oba hojalyk pudagy hem bazar ykdysadyýetine geçmegi bilen täze enjamlar ornaşdyrylyp, pudakdaky işler has hem çaltlandyrylýar, ösdürilýär.
Ýazgül ANNAGURBANOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler