Ýurdumyzda beýik Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk toýuna uludan taýýarlyk görülýär. Halkymyz bu baýramçylygy her ýyl uly şatlyk, şowhun, dabara bilen garşy alýar. Ýurt Garaşsyzlygymyza eýe bolanymyzdan soňra edilen işlere, ýetilen sepgitlere ser salanymyzda türkmen halkymyzyň örän gysga wagtyň içinde uly üstünliklere, ösüşlere ýetendigini görmek bolýar. Türkmen edebiýatynda hem şol ýetilen sepgitleri wasp etmek, olary dünýä ýaýmak esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Garaşsyzlykdan soňky ýetilen sepgitler türkmen edebiýatynda taryhy waka hökmünde öz köküni ýaýratýar.
Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren “Garaşsyzlyk – bagtymyz” atly eseriniň ilkinji bölümlerini açyp, okan badymyza hem biz, hakykatdanam, «Howpsuz, özerkli ýaşaýşyň galasy» bilen goraglydygymyza, bagtlydygymyza düşünýäris. Biziň taryhy şahsyýetlerimiz – Oguz han atamyz , Görogly beg Türkmen ýaly gerçeklerimiz, Magtymguly Pyragy, Seýdi, Zelili, Kemine, Mätäji, Mollanepes ýaly nusgawy şahyrlarymyz öz eserlerinde, kitaplarynda özbaşdak döwlet bolmagy arzuw edipdirler.
1991-nji ýylda Türkmenistan Watanymyzyň Garaşsyzlygy yglan edildi. Garaşsyzlygymyzyň ilkinji günlerinde türkmen halkymyzyň Garaşsyz bolanyny gutlap özüniň “Garaşsyzlyk” atly goşgusyny ýazan Türkmenistanyñ halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýewdir. Şahyr Süleýman Ilamanowyň «Geçiş döwri» atly goşgusynyň çeper mazmunynda hem ýurdumyzyň döwlet özygtyýarlylygyna eýe bolan dessine özboluşly bir milli ösüş ýoluny saýlap alandygyny görmek bolýar. Mundan başgada bu şatlykly wakany edebiýat žanrynda wasp eden ençeme şahyrlary, ýazyjylary agzamak bolar. Elbetde, suratkeş döwrüň ösüşlerini, durmuş pursatlaryny reňkler arkaly şöhlelendirýär, şahyr bolsa şirin sözi bilen. Şahyr öz ýurdunyň, öz halkynyň ösüş-özgerişlerine tüýs ýürekden guwanyp, ony şahyrana setirleri bilen wasp edýär.
Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen sepgitleri, ýeňişleri edebiýat dilinde uly joşgun bilen çeper beýan etmek şahyr üçin ruhy lezzet, şeýle hem ony okyjylar köpçüligine ýetirmegiň ähmiýeti örän uludyr.
Aýjahan DOSMEDOWA,
DATMDDI-niň Ýewropa dilleri
we edebiýaty fakultetiniň
fransuz dili hünäriniň
V ýyl talyby.
Teswirler