Aşgabatda elektrik otlylar peýda bolar

Ýurdumyzda beýleki ugurlar bilen bir hatarda ulag pudagy hem barha ösýär, kämilleşýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurtda elektrifisirlenen demir ýollary döretmek baradaky tabşyrygyna laýyklykda Türkmenistanda elektrowozlar we elektrik otlular peýda bolar.

TDH-nyň habar bermegine görä Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewe  bu pudagyň mümkinçiliklerini artdyrmak üçin elektrifisirlenen demir ýollaryň gurluşygy boýunça degişli teklipleri taýýarlamak tabşyryldy.

Elektrik otlular (olara köplenç «elektriçkalar» diýilýär), esasan, ýolagçylary şäheriň etraplarynyň arasynda, käbir ýagdaýlarda – welaýatlaryň arasynda gatnatmak üçin niýetlenendir. Elektrifisirlenen demirýollar metrodaky wagonlary hereketlendirmek üçin hem ulanylyp bilner.

Elektrik otlylar bilen demir ýol otlynyň arasyndaky tapawut bardyr. Elektrik otlylary diňe etraplaryň, käte şährleriň arasynda ýolagçy gatnatmakda ulanylýar. Olar bilen ýurta syýahatçylygy ösdürmek örän amatlydyr. Demir ýol otlusy bolsa ýükleri daşamakda, ýolagçylary gatnatmakda, sebitleriň arasynda esasy gury ýer ulagy bolup hyzmat edýär.

Ýurdumyzda awtoulag serişdeleriniň parkyny adaty ulaglar, şeýle hem elektromobiller bilen doldurylmagy dowam etdirmek ýurduň ulag kommunikasiýa ulgamynyň ösmegine, syýahatçylygyň giňemegine ýardam eder. Häzirki wagtda Türkmenistan daşary ýurtlar bilen ulag kommunikasiýa pudagynda hyzmatdaşlygy artdyryp köp sanly döwletler bilen üstaşyr haryt alyş çalşygyny amala aşyrýar. Bu bolsa öz gezeginde ykdysadyýetiň ösmegine mümkinçilik döretýär.

Elektromobilleriň giňden ornaşdyrylyp başlandygynyň mysaly hökmünde Arkadag şäherinde ornaşdyrylan Elektrik awtomobiller aýtmak bolar. Bu tehnologiýalaryň durmuşa ornaşdyrylmagy howanyň ekologik taýdan arassa bolmagyna ýardam eder.

Merjen MUHAMMEDOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok