Rahat uky saglygy berkitmegiň iň gowy usuly

Hormatly  Prezidentimiziň pähim-paýhasyna ýugrulan syýasaty netijesinde halkymyzyň saglygy, onuň abadançylygy, asudalygy, ahlak taýdan arassalygy Watanymyzyň esasy ýörelgeleriniň birine öwrüldi. Ýurdumyzda adamlaryň saglygyny goramak wezipesi ähli zatlary öz içine alýan ulgamdyr we milletiň, aýratyn alnan her bir adamyň ýaşaýyş durmuşyny üpjün etmegiň gündelik hakykatydyr.

“Türkmenistan-sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy” şygary  astynda alnyp barylýan bedenterbiýe we sport ugrunda gazanylan üstünlikleri beýän etmek, sagdyn durmuş ýörelgesini wagz etmegiň gepleşikleri yzygiderli dowam etdirilýär. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary bolan döwlet Baştutanymyzyň asylly başlangyçlary  ähli watandaşlarymyza, ilkinji nobatda, ýaşlara şahsy görelde görkezýär. Arkadagly Serdarymyz sport enjamlarynyň her haýsynyň özboluşly aýratynlygynyň bardygyny, olaryň bedeni taplamagynda, adam saglygyny pugtalandyrmakda örän ähmiýetlidigini belleýär.

Rahat  uky saglygy berkitmegiň we harçlanan energiýany dikeltmegiň iň gowy görnüşidir. Saglygy berkitmek üçin 7-8 sagat ukyny almalydyr. Agşamky rahat uky immun ulgamynyň işini kadalaşdyrýar, dürli keselleriň öňüni alýar.

Bedenterbiýe we sport ulgamynyň ösüşi “bedenterbiýe we sport baradaky”, “professional sport’’, “Atçylyk we sport ýaryşlary’’ baradaky Türkmenistanyň kanunlarynda berkidilendir. Ikitaraplaýyn kanuny esasynda 60-dan gowrak döwlet bilen sport ulgamynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk hereketleri düzgünleşdirilýär. Bulardan başga-da sport boýunça hyzmatdaşlyk meselesi döwlet baştutanlarynyň saparlary dowamynda kabul edilýän jarnamalarda we beýannamalarda, şeýle hem ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça hökümetara bilelikdäki toparlaryň jemleýji resminamalarynda öz  mynasyp ornuny tapýar.

Şamuhammet SÖÝÜNOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agroinženerçilik taýýarlyk
ugrunyň II ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok