Narwal – süýdemdirijiler klasynyň narwallar maşgalasyna degişli bolup, narwallar urugynyň ýeke-täk görnüşidir. Bu deňiz haýwanynyň ady Islandiýa dilinden alnan we derisiniň reňki bilen baglanyşykly bolupdyr. Islandiýada narwal sözi nar – ,,kül reňk’’ , hwal – ,,kit’’ diýmegi aňladýar.
Uly ýaşly narwallaryň bedeniniň uzynlygy 3,8-4,5 metre, täze doglan çagalarynyň uzynlygy bolsa 1-1,5 metre ýetipdir. Köne döwürlerde narwallaryň 6 metr uzynlykdaky nusgalary hem bolupdyr. Erkekleriniň agramy 2-3 tonna ýetýär, olaryň üçden bir bölegi ýagdyr, aýallarynyň agramy bolsa takmynan 900 kilograma ýetýär. Narwallaryň kellesiniň üýtgeşik gurluşy bar: maňlaýy uzyn, agzy we gözleri kiçi, ýokarky ýüzgüçleri ýok, gapdal ýüzgüçleri kiçi we birneme uzalandyr. Bedeniniň ululygy we görnüşi, pektoral ganatlary bilen birneme beluga kitlerine meňzeýärler.
Ýöne narwallar bedeniniň üstündäki tegmilleri we bir ýa-da iki sany şaha meňzeş bolan ýokarky dişleri bilen tapawutlanýarlar. Erkeklerinde bu şaha meňzeş bolan dişleri 2-3 metr uzynlykda we 10 kilograma çenli, aýallarynyňky bolsa kiçiräk bolýar. Bu dişler köplenç narwallaryň çep tarapyndan, käbir ýagdaýlarda bolsa sag ýa-da iki tarapyndan hem çykýar. Iki tarapyndan hem dişiň çykmagy 500-de bir ýagdaýda ýüze çykýar. Bu dişler ýokary güýç we çeýeligi bilen häsiýetlenýär. Alymlaryň köpüsi munyň hüjüm ýaragy bolup biljekdigine ynanmadylar. Olary jübüt oýunlary wagtynda aýallaryny özüne çekmek üçin hem-de buzda deşik açmak üçin gerek diýipdirler.
2005-nji ýylda Martin Nwiýanyň ýolbaşçylygynda gözleg topary bu dişleriniň duýuş synasydygyny anykladylar. Bu dişler narwala suwuň basyşyny we temperaturasyny duýmaga mümkinçilik berýär. Diňe 2017-nji ýylyň maý aýynda bütindünýä ýabany tebigat gaznasynyň polýar bölüminiň alymlary wideo gözegçilikleriniň netijesinde narwallaryň aw ýaragy hökmünde hem şaha meňzeş bolan dişlerini ulanýandyklaryny aýtdylar.
Leýli SAHATOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agroekologiýa hünäriniň I ýyl talyby.
Teswirler