Ýurdumyzda häzirki zaman bazar ykdysadyýeti tapgyrlaýyn ösdürilýär

Ýurdumyzda alnyp barylýan ykdysady syýasat ýurdumyzy innowasion esasda ösdürmäge, güýçli senagat kuwwatyny döretmäge, pudaklaýyn düzümini giňeltmäge gönükdirilendir. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» Türkmenistan döwletimizi ählitaraplaýyn ösdürmegiň esasy ugurlary kesgitlenip, ykdysady depgini hil taýdan täze derejä çykarmak we onuň ähli pudagynyň bäsleşige ukyplylygyny artdyrmak, sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça anyk wezipeler öňde goýuldy.

Häzirki zaman bazar düzümi bolan milli ykdysadyýeti tapgyrlaýyn esasda kemala getirmek esasy üns merkezinde saklanylýar. Maksatnamanyň çäklerinde ähli senagat toplumyna iri maýa goýumlary çekmek, nebit-gaz, himiýa, ýangyç-energetika, dokma, gurluşyk pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak, sebitleriň ykdysadyýetine innowasion, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, gaýtadan işleýän senagaty mundan beýläk-de işjeňleşdirmek göz öňünde tutulýar.

Ulag-logistika, üstaşyr, multimodal ýük gatnawlarynyň möçberleri artdyrylýar, oba hojalyk maksatly ýer gaznalary döredilýär, pudakda suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrylyp, öri meýdanlary giňeldilýär, azyk harytlaryň önümçiligini ýokarlandyrmaklyga aýratyn ähmiýet berilýär. Ähli çäreleriň üstünlikli amala aşyrylmagy ýakyn geljekde ýurdumyzda ýeterlik derejede ösen bazar amatlyklaryny kemala getirmäge, ählumumy ykdysady giňişlige doly goşulyşmaga, daşary söwda dolanyşygyny ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berer.

Durmuş pudaklarynda täze iş orunlaryny döretmek, obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň abadançylygyny ýola goýmak, ilata edilýän hyzmatlaryň görnüşini hem-de hilini ýokarlandyrmak, döwlet edaralarynyň maddy üpjünçiligini berkitmek esasy ugurlaryň hatarynda görkezilýär. Bu ugurdaky işler sebitleriň öndüriji güýçleriniň ösüşine ýokary derejede täsirini ýetirýär, Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň ýolunda möhüm ädim bolup çykyş edýär. Bularyň ählisi bolsa, ilkinji nobatda, mähriban halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna, ýurdumyzyň kuwwatynyň has-da artdyrylmagyna gönükdirilendir.

Ykdysadyýetiň ähli pudagyny sanlylaşdyrmagyň we innowasion önümçilik düzümlerini döretmegiň esasynda ençeme ykdysady özgertmeler amala aşyrylýar. Netijede, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň ählisi eziz Türkmenistan Watanymyzyň geljekki ösüşlerine badalga bolup, mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga tarap ýolda ynamly öňe ilerlemäge esas döredýär.

Şazada HUDAÝKULYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Oba hojalygynyň ykdysadyýeti
we dolandyryşy taýýarlyk
ugrunyň I ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok