Ýokanç keseller barada umumy düşünje

Patogen – «Kesel dörediji mikroblar» ýagny, adamlarda, haýwanlarda we ösümliklerde dürli keselleri döredýän mikroorganizmlerdir. Şonuň bilen bir hatarda Oba hojalygynda, iýmit önümçiliginde, lukmançylykda we halk hojalygynyň beýleki ulgamlarynda adam üçin peýdaly bolan mikroorganizmleriň bardygyny hem unutmaly däldirs.

adamlarda dürli kesel dörediji mikroblar, wiruslar, spirohetalar, kömelejikler we şuňa meňezşler tarapyndan döredýän kesellere ýokanç keseller diýilýär. Mikroblar taýajyk, şar we gyşyk görnüşli bolýarlar.

Kesel dörediji mikroblaryň ýaşaýan we  köpelýän ýerleri adam we haýwan bedeni bolup durýar, bedenden daşary, ýagny daşky gurşawda olar çalt ölýärler. Näsag adam keseliň çeşmesi bolup durýar. Sagdyn mikroblary göteriji – keseliň hiç-hili alamatlary ýok bolan ýokançly adam ýa-da haýwan hem keseli ýokuşdyryp bilýär, ýagny ýokanç keseliň çeşmesi bolýar.

Käbir keseller diňe bir adamdan başga bir adama ýokuşýar, mysal üçin gyzamyk, täjihoraz, gök bogma, gripp we beýlekiler (olara antroponoz ýokanç keseller diýilýär, antropos – adam diýmek), beýleki keseller bolsa haýwanlardan adamlara ýokuşýarlar (gyrgyn, tulýaremiýa, otly baş keseli, brusellýoz we beýlekiler.), şonuň üçin olara zoonoz ýokanç keseller diýilýär (grek sözünden zoo-haýwan diýmekdir).

Immunitet – bu kesel dörediji mikroblaryň täsirini bedeniň kabul etmezlik ukybydyr. Dogabitdi we gazanylan immuniteti tapawutlandyrýarlar. Dogabitdi immunitet haýwanlaryň belli bir görnüşine we adamlara mahsusdyr we belli bir keselleri kabul etmezlik bilen häsiýetlenýär. Mysal üçin, iri şahly mallaryň gyrgyn keseli diňe şol ady agzalan haýwanlara häsiýetlidir, beýleki haýwanlar we adamlar bolsa bu ýokanç kesel bilen kesellemeýärler. Görnüşleýin immunitet nesil yzarlap, nesilden nesile geçýär.

Nurmyrat SEÝITGULYÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmen
döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok