Söwda dolanyşygyndaky üstünlikler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň içeri we daşary ykdysady syýasatynda esasy orunlaryň birini eýeleýän söwda toplumy halk hojalygynyň çalt depginde ösýän ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzyň söwda toplumynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmeginde Gahryman Arkadagymyzyň halk bähbitli, durmuş ähmiýetli başlangyçlaryny bu günki gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mynasyp dowam etdirýär. Bu ulgam döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan durmuş-ykdysady syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biridir.

Dünýä döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmak, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak, söwda hyzmatlaryny kämilleşdirmek, esasan-da, halkyň sarp edýän harytlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak söwda toplumynyň öňünde durýan esasy wezipelerdir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň goldawlary netijesinde, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi ýurdumyzyň önüm öndürijileri, zerur halatynda bolsa daşary ýurtly önüm öndürijiler bilen hyzmatdaşlyk edip, ilatymyzyň isleglerini kanagatlandyrmak, haryt bolçulygyny döretmek üçin gündelik işleri amala aşyrýar. Diýarymyzyň içerki bazarynda haryt dolanyşygynyň barha artýan möçberi halkyň abadançylygynyň hem-de durmuş-ýaşaýyş şertleriniň ýokarlanýandygynyň subutnamasydyr. Häzirki döwürde milli söwda ulgamynda bölek we lomaý söwdany dolandyrmaga, alyjylara edilýän söwda hyzmatlaryny kämilleşdirmäge gönükdirilen döwrebap sanly tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar.

Üstünlikli durmuşa geçirilýän maksatnamalaryň netijesinde, söwda we hyzmatlar ulgamy diwersifikasiýalaşdyrylýar, düýpli özgertmeler amala aşyrylýar hem-de ähli ulgamlarda innowasiýalar giňden ornaşdyrylýar. Beýleki ulgamlar bilen birlikde, ösdürilmegi üçin ägirt uly maýa goýumlar gönükdirilýän söwda toplumy hem döwrüň talaplaryna laýyklykda özgerdilýär. Muňa Arkadag şäheriniň gurluşygynyň birinji tapgyrynyň çäginde Türkmenistanyň söwda toplumynyň düzüm birlikleri tarapyndan birnäçe desgalaryň gurlup ulanmaga berilmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär. Şolaryň hatarynda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň buýurmasy esasynda gurlan söwda toplumyny mysal getirmek bolar. Söwda toplumynyň Arkadag şäheriniň ajaýyp binagärlik keşbine mynasyp goşantdygyny, olarda ilatyň ýokary hilli söwda hyzmatlaryndan peýdalanmagy, şäheriň myhmanlarynyň rahat dynç almaklary üçin zerur bolan mümkinçilikleriň ählisiniň döredilendigini aýtmak ýerliklidir.

Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda, Gahryman Arkadagymyzyň howandarlygynda berkararlygyň, bagtyýarlygyň hem-de beýik galkynyşlaryň röwşen ýoly bilen öňe barýan Diýarymyzda Garaşsyzlyk ýyllarynda hususy pudagyň ösüşleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Bazar ykdysadyýetiniň depginli ösüşiniň möhüm şerti bolan telekeçilik başlangyçlarynyň goldanylmagy we işewürligiň höweslendirilmegi hususy pudagyň rowaçlanmagyna badalga berdi. Söwda ulgamyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde telekeçilik ulgamyna, hususan-da, isleg bildirilýän daşary ýurt harytlarynyň ornuny tutýan, eksporta niýetlenen önümleriň öndürilmegine aýratyn ähmiýet berildi. Geçen gysga döwürde döwletimizde kiçi we orta telekeçilige goldaw bermegiň täze hukuk esaslary döredildi. «Kiçi we orta telekeçiligi goldamak hakynda», «Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakynda» Kanunlar kabul edildi. «Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» kabul edilip, häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Ýunus ALTYMÄMMEDOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU-niň
Energetika we inženerçilik desgalary fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok