Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda jemgyýet durmuşynyň ähli ugurlarynda ägirt uly durmuş-ykdysady özgertmeleri amala aşyrylýar. Bilim ulgamyny dünýä derejesinde döwrebaplaşdyrmaga, beden hem ruhy taýdan kämil, giň dünýägaraýyşly ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmäge uly ähmiýet berilýär. Bilim berlişiniň hili artýar, oňa ylmyň soňky gazananlary, okatmagyň innowasion usullary giňden ornaşdyrylyp, sanly bilim ulgamy ösdürilýär. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde häzirki zaman orta we ýokary okuw mekdepleridir çagalar baglary yzygiderli gurulýar.
Ýurduň nurana geljegi bolan bagtyýar ýaşlarymyz döwlet dolandyryş edaralarynda, ylym-bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynda, önümçilik kärhanalarynda halal, yhlasly, döredijilikli zähmet çekip, eziz Watanymyzy mundan beýläk hem ösdürmäge mynasyp goşant goşýarlar.
Mälim bolşy ýaly, tylla güýzüň ilkinji günlerinde 1-nji sentýabrda Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, ýaş hünärmenleriň, bagtyýar talyp ýaşlaryň hem-de mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda umumy okuw sapagyny geçdi. Onda Alym Arkadagymyz Türkmenistan ýurdumyzda Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan işler, eziz halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň möçberli başlangyçlar, şeýle hem döwlet ösüşiniň täze tapgyrynda ýaşlaryň öňünde durýan anyk wezipeler hem-de ýakyn wagtda tagallalaryň gönükdiriljek esasy ugurlary babatda giňişleýin durup geçdi. Milli Liderimiz ýaşlar bilen geçiren duşuşygynda ylym-bilimiň ynsany belende göterýändigini bellemek bilen, olara hemişe ylym-bilime, pähim-paýhasa teşne bolmagy öwüt berdi.
“Men ýaşlar bilen söhbetdeş bolmagy gowy görýärin. Söhbetdeşliklerden galan täsirleri, ýaşlar üçin döredilen şertleri öz eserlerimde beýan edýärin. «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabymda-da ýaşlarymyzyň ylym-bilime, pähim-paýhasa, şöhratly pederlerimiziň asylly ýörelgelerine gyzyklanmalarynyň ýokary bolmalydygyna aýratyn ähmiýet berdim. Ylym-bilim bilen Watanymyza wepaly gulluk etmek beýik mertebedir. Biziň geljegimiz ýaşlar bilendir. Ýaşlarymyz taryhy ösüşiň, döwlet syýasatynyň häzirki zaman meýillerini we möhüm ugurlaryny, binýat goýujy taglymlaryny özleşdirmelidirler. Günsaýyn özgerýän döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze nesli kemala getirmek her birimiziň borjumyzdyr. Türkmen ýigitleriniň we gyzlarynyň süňňünde halkymyzyň iň ýagşy, iň gözel hem-de iň belent ahlagy jemlenendir. Ynsanyň edebi bezeg üçin dakynýan altynyndan hem owadandyr. Siz, parasatly pederlerimiz ýaly, özüňizi ýagşy gylyk-häsiýetleriňiz, adamkärçiligiňiz bilen tanadyp, türkmen edebini has-da gözelleşdirmelisiňiz” diýip, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyz öz taryhy çykyşynda belläp geçdi.
Mähriban Arkadagymyzyň bu gymmatly sözleri biz ýaşlaryň durmuş ýoluna şamçyrag bolup, köňüllerimize buýsanç bolup doldy. Biz hem, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň bize bildirýän ynamyna wepaly, kämil bilimli hünärmenler bolup ýetişmekde özümiziň yhlasymyzy, zehinimizi gaýgyrman okarys, öwreneris hem-de dörederis, ýurdumyza, mähriban halkymyza gerekli şahsyýetler bolup ýetişeris!
Döwletgeldi ÖWEZGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler
ministrliginiň Halkara gatnaşyklary
institutynyň II ýyl talyby.
Teswirler